Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukraina: Adam gynagy - täze ýarag


Ukrain şahtaçysy ýesirlikde gynalyşyny gürrüň berýär. 16-njy maý, 2014.

Ukrain şahtaçysy ýesirlikde gynalyşyny gürrüň berýär. 16-njy maý, 2014.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýene ýurduň gündogarynda separatistleriň eýelän ýerlerini yzyna aljak bolýar, şol bir wagtda orsýetçi gozgalaňçylar başga pikirlilere garşy, adam gynamak bilen, assyryn söweş alyp barýar.

Oleksandr Hurow Ukrainanyň gündogaryndaky dogduk şäherinde, Nowohradowkada baş hökümet binasynyň üstündäki separatist baýdagyny aýranda, başyna gowga geljegini bilýärdi.

Ar alyş diýseň çalt we rehimsiz boldy.

36 ýaşyndaky şahtaçy şondan iki hepde soň äňi, burny döwlen, goly persala, gapyrgalary çat açan halda, Kiýewdäki hassahanada ýatyrdy.

"Olar meni durman ýençdiler. Men ýerde ýatyrdym, olar bolsa aldygyna depýärdiler we kelläme sapança bilen urýardylar. Olaryň biri meniň elimi tutdy, beýlekisi bolsa onuň üstünde bökdi. Men wagt-wagt huşumy ýitirýärdim, şonda olar urmagy goýýardylar» diýip, Hurow Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Hurowa hüjüm eden adamlar ony «dönük» diýip atlandyrypdyrlar, döwlen lampanyň gyýçak tarapyny ulanyp, egnindäki «Ukraina şöhrat! Gahrymanlara şöhrat!» diýen ýazgyny, tatirowkasyny bozmaga çalşypdyrlar.

Hurowyňky ýaly elhenç ýagdaýlar gündogar Ukrainada, orsýetçi separatistleriň regionda berk ornaşmak üçin adamlary ogurlamakda we gynamakda aýyplanýan ýerinde az duşmaýar.

Olar zamun alyş hereketlerini ýaşyrman boýun alýarlar, bu zamun alyşlar ýerli çinownikleri, ukrainaçy aktiwistleri, žurnalistleri, daşary ýurt gözegçilerini, ynsanperwerçilik işgärlerini, Donetsk we Luhansk regionlarynda özlerini özleri jar eden «halk respublikalaryna» tankydy garaýan adamlaryň ählisini nyşana alýar.

Separatist hereketiniň has guramaçylyklaşmagy bilen adam ogurlamak yzygiderli we metodiki häsiýete boldy.

"Men olary ýek-tük hadysa diýip atlandyrmazdym, biz bu kartinany anyk göz öňüne getirip bilýäris. Men her gün adamlaryň alnyp gaçylandygy ýa-da ýesirlikde urlup-enjilip gynalandan soň azat edilendigi barada habar alýaryn» diýip, "Hýuman Raýts Wotç" guramasynyň wekili, golaýda adam ogurlamak bilen bagly ýagdaýy derňemek üçin Donetsk regionyna sapar eden Anna Neýstat aýdýar.

Neýstatyň tassyklamagyna görä, pidalar aýylganç zorluga we rehimsizlige duçar bolýar we köplenç ýagdaýda agyr trawma alýar.
Şahtaçy ýesirlkde gynalyşyny gürrüň berýär. 16-njy maý, 2014.

Şahtaçy ýesirlkde gynalyşyny gürrüň berýär. 16-njy maý, 2014.


«Human Rights Watch» guramasynyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda onlarça adam gozgalaňçylaryň elinde zamunlykda, ýesir ýagdaýda saklanýar.

Ozalky separatist söweşijisi Anton Azat Ýewropa we Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde zamun alnanlar baradaky habarlary tassyk etdi.

Öç alynmagyndan gorkusyna diňe adyny aýdan 25 ýaşly erkek, Donetsk region geňeşiniň binasynda, separatistleriň ştab-kwartirasynyň basgançagynda gana boýalan, kellelerine halta geýdirilen we gygyrýan ukrainaçy zamunlary göreninden soň, gozgalaň hereketinden ýüz öwrendigini gürrüň berdi.

"Adamlary ilki urýarlar, soňra "terbiýeleýärler". Olara "Ukraina" sözüni ulanmagy, ukrain dilinde gürlemegi gadagan edýärler. Olara bu eýýäm Orsýet diýýärler. Şeýlelikde, ýesirleri urýarlar we gynaýarlar. Soň olary şäheriň gyrasyna çykaryp, boşadýarlar» diýip, Anton aýdýar.

Emma beýle agyr synaglardan soň hemme adam aman galmaýar.

Geçen hepde ýurduň gündogaryndaky Slowýansk şäheriniň golaýyndan geçýän derýadan iki adamyň jesedi tapyldy.

Biraz soň anyklanmagyna görä, olaryň biri deputat Wladimir Rybak eken. Ony gündiziň günortany, separatist baýdagyny aýryp, orsýetçi mähelläniň hüjümine sezewar bolandan soň alyp gaçypdylar.

Alnyp gaçylan adamlaryň birnäçesi atsyz-sorsuz ýitirim boldy we olar eýýäm diri däldir diýip howatyr edilýär.

Separatistler tarapyndan Slowýanskde üç gün ýesir saklanan amerikan žurnalisti Saýmon Ostrowskiý ýörite gulluklaryň edarasynyň ýerzemininde başga-da onlarça ýesiri görendigini aýtdy. Neýstat bu ýerzemini adamlaryň dereksiz ýitrim bolýan «gara deşigi» diýip atlandyrýar.

Ostrowskiniň tassyklamagyna görä, olaryň käbiri iki hepde bäri zamun saklanýan eken.

Hurow özüniň, beýleki adamlaryň hem köpüsiniň ogurlanyşy ýaly, gündiziň günorta ýaragly adamlaryň topary tarapyndan alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Ol beýleki ukrainaçy aktiwistler – bir şahtaçy, Nowohradsk şäheriniň Kiýewe ygrarly dört çinownigi bilen bilelikde, 4-nji maýda dogduk şäherlerinde separatistleriň öňüni almagyň ýollary barada maslahatlaşmak üçin ýygnananlarynda ýesir alyndy.

Hurow öz toparynyň parahatçylykly bolandygyny we esasan separatistleriň binalaryň üstünde diken baýdaklaryny aýyrmaklyga üns berendigini aýdýar.

Aktiwistileri miniawtobuslara itip mündürip, Donetskiniň regional geňeşiniň 11 gatly jaýyna alyp gitdiler. Bu jaý indi Donetsk halk respublikasy diýilýäniň baş edarasy hökmünde ulanylýar.

Daşy barrikadalar we tikenli simler bilen gurşalan jaý häzir, separatistler hereketiniň ýolbaşçylar merkezi hökmünde, il içinde ýakasyny tanatdy.

Aýdylmagyna görä, bu ýerdäki sorag edişlikler we urup-ençmeler bäşinji we altynjy gatlarda bolup geçýär..

Şaýatlaryň sözlerine görä, ikinji gatda aýratyn operasiýa otagly meýdan gospitaly döredilip, onda gezekli-gezegine 50 çemesi medisina işgäri işleýär.

Hurow özüni kellesine ukrain baýdagyny orap, binanyň töweregindäkilere göze edenlerinden soň, bäşinji gata alyp çykandyklaryny aýdýar.

"Olar meni kabinete saldylar. Men goňşy otagdan öz dostlarymyň gygyrýan seslerini eşitdim" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hurowyň tassyklamagyna görä, olar ony hut şol ýerde urupdyrlar we we öldürjeklerini aýdyp, haýbat atypdyrlar. Soň oňa bir sanjym edilipdir we ol bütin bedeninde kesgin gowşaklyk duýup, özüne näme bolýanyna düşünip bilmändir.

Ony ertesi, hamala ýesir alnan separatistler bilen çalşylýandygyny aýdyp, ýesirlikden goýberipdirler.

Beýleki bäş aktiwist hem azat edildi, ýöne hemmesi çynlakaý trawma aldy.

Ozalky separatist Antonyň aýtmagyna görä, bäşinji we altynjy gatda işleýän erkekler gündogar Ukrainadan, olaryň sorag etmekde gowy tejribeleri bar. «Belki-de olar ozal kanun goraýjy edaralarda ýa-da aňtaw gulluklarynda işländirler» diýip, Anton aýdýar.

Anton Orsýetden separatistleri goldamak üçin söweşijileriň, şol sanda kazak bölümleriniň gelendigi baradaky gürrüňleri hem tassyklaýar.

Şeýle-de ol Donetsk regional geňeşiniň binasynda gurlan meýdan gospitaly baradaky habary, ol ýerde wraçlaryň ýaralanan söweşijileri bejerýändigini, käte bolsa zamun alnanlara hem ilkinji medisina kömegini berýändiklerini tassyk etdi.

Anton geçen hepde Donetskde Gyzyl hajyň edarasyna geçirilen reýdiň maksadynyň separatistleriň gospitaly üçin medikamentleri almak bolandygyny aýdýar. Şonda gumanitar işgärler ýedi sagatlap saklanypdy.

Emma Donetsk halk respublikasy diýilýäniň metbugat sekretary Gyzyl hajyň işgärleriniň içalyçylykda aýyplanyp saklanandygyny aýtdy, olaryň biri rehimsiz ýenjildi.

Anton gaçyp gutulaly bäri gorky astynda ýaşaýar, sebäbi ol ozalky ýaragdaş dostlarynyň özüni «terbiýelemeginden» howatyr edýär.

Hurow hem öz janyndan, birnäçe gezek haýbat atylandan soň Kiýewe gelen aýalynyň we çagalarynyň howpsuzlygyndan alada galýar. Ol häzirlikçe gündogar Ukraina dolanmakçy däl, sebäbi, öz sözlerine görä, Donetsk halk respublikasy diýilýän ony ölüme höküm etdi.

Hurow gelejek üçin planlary barada soaralanda biraz aljyrady. Emma onuň hassahanadan çykan badyna etmek isleýän iki zady bar: birinjisi – bitewi Ukriana üçin göreşini dowam etdirmek, ikinjisi bolsa – öz tatirowkasyny dikeltmek.

"Söz berýän, ol öňküsindenem owadan bolar. Ýara yzy galar, emma olaryň hemmesini aýryp bolar. Hemme zat gowy bolar" diýip, Hurow aýtdy.
XS
SM
MD
LG