Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: 162000 adam urşuň pidasy boldy


Siriýada adam hukuklaryny goraýjylar ýurtda üç ýyl bäri dowam edýän konflikt zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 162000 adama ýetendigini aýdýarlar.

Londonda ýerleşýän oppozisiýa tarapdar toparyň 19-njy maýda aýtmagyna görä, agzalan san 54 müň graždan adamy, ýaragly oppozisiýanyň 43 müň agzasyny we prezident Başar al-Assada loýal 61 müň söweşijini öz içine alýar. Pidalaryň sanyna şahsyýeti anyklanmadyk 3 müň adam hem girýär.

BMG maglumatlaryň çeşmesini tassyklamak mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, Siriýada wepat bolan adamlaryň sany boýunça öz maglumatlaryny çap etmegini togtadypdy. Guramanyň 2013-nji ýylyň iýul aýynda çap eden soňky sanynda 100 müň adamyň wepat bolandygy aýdylypdy.

Siriýada 2011-nji ýylda hökümete garşy parahatçylykly proteste häkimiýetler tarapyndan güýç görkezilensoň başlanan konflikt ilatyň çak bilen ýarsyny öz öýüni terk etmäge mejbur edipdi.
XS
SM
MD
LG