Sepleriň elýeterliligi

Slowýansk: Hüjümde bir esger öldi


Ukrainanyň Goranmak ministrligi 19-njy maýda Slowýanskyň golaýynda Orsýete tarapdar gozgalaňçylaryň Ukrainanyň harby barlag-geçiş nokadyny oka tutmagynyň netijesinde bir esgeriň wepat bolandygyny habar berdi. Daňdanky bu hüjümde ýene üç esger ýaralanypdyr.

Ministrlik öz beýannamasynda okuň çagalar bagynyň binasynyň içinden atylandygyny aýtdy we gozgalaňçylary “harbylaryň çagalar bagyny ýumurmagy üçin prowokatiw hereket etmekde” aýyplady.

Ukrainanyň harbylary Orsýete tarapdar gozgalaňçylara garşy harby çärelere aprel aýynyň ortasynda başlady emma olary ondan gowrak şäherlerde we obalarda eýelän ýerlerinden kowup çykarmagy başarmady.
XS
SM
MD
LG