Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Türme sakçylary eýranlyny atdylar


Täjigistanyň paýtagtyndan 54 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ýawan şäherinde türmäniň sakçylary bu ýerden gaçmaga synanyşan Eýranyň raýaty bolan tussagy oka tutandygyny aýtdylar. Täjigistanyň tussaghanalara gözegçilik edýän müdirliginde AÝ/AR-na aýdylyşyna görä, 16-njy maýda ýaralanan Mehdi Kambari türmäniň keselhanasyna iberilipdir.

Adynyň tutulmazlygyny soran tussagyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Kambari türmedäki agyr şertlere çydap bilmän, gaçmak we Eýranyň Duşenbedäki ilçihanasyna ýüzlenmek kararyna gelipdir.

Eýranyň Täjigistandaky ilçihanasynyň resmileri bu waka barada täjik resmilerinden jikme-jik maglumat almak ugrunda iş alyp barýandygyny AÝ/AR-na aýtdylar. Kambari Täjigistanyň serhedini bikanun geçmekde aýyplanyp höküm edilen üç ýylynyň sekiz aýyny başdan geçirdi.
XS
SM
MD
LG