Sepleriň elýeterliligi

NATO: Ýagdaý çak edilişinden has howply


NATO-nyň ýolbaşçysy Andres Fogh Rasmussen 19-njy maýda Brusselde geçiren metbugat-konferensiýasynda Orsýetiň Ukraina garşy “agressiýasynyň” “garaşsyz döwletleriň öz ýoluny saýlap almak hukugy” baradaky düşünjäniň binýadyna wehim salýandygyny aýtdy.

Rasmussen Ýewropanyň düýpden başgaça täze howpsuzlyk şerti bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we onuň “öňünden çak edilmesi has kyndygyny we has howplydygyny” belledi.

Rasmussen NATO-nyň Orsýetiň Ukrainanyň serhedine golaý giňişlikden goşun çykarmagyna degişli hiç hili hereketi “gynansakda” görmändigini aýtdy. Rasmussen “biziň howpsuzlygymyz abadançylygymyzyň binýady”, diýip goranyşa has köp maýa ýatyrmaga çagyrdy.

Rasmusseniň bu çykyşy Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 19-njy maýda Ukraina bilen serhetdäki harbylaryň öz bazalaryna dolanmagyny tabşyran wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG