Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rasmussen: Rus goşunynyň çekilendigine delil ýok


NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fogh Rasmussen Brýusselde çykyş edýär. 19-njy maý, 2014 ý.
NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fogh Rasmussen Brýusselde çykyş edýär. 19-njy maý, 2014 ý.
NATO-nyň ýolbaşçysy Anders Fogh Rasmussen 19-njy maýda çykyş edip, Russsiýanyň goşunlarynyň Ukrainanyň serhetlerinden çekilip başlandygy barada hiç hili alamatlaryň ýokdugyny aýtdy. Şol bir wagtda, Kreml esgerlerini yzyna çagyrandygyny öňe sürýär.

Rasmussen Brýusselde geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Russiýanyň öz goşunlaryny Ukrain serhetlerinden çekip başlandygy boýunça “gynansa-da” özünde “hiç hili delilleriň ýokdugyny” belledi.

Ol Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri “Ýewropada howpsuzlyk babatynda düýpgöter täze ýagdaýlary” emele getirendigini nygtady. Şeýle-de Rasmussen “Biziň islendik howpa garşy netijeli goranmak üçin ähli planlarymyzyň bardygyna arkaýyn boluň” diýdi.

Rasmussen Russiýanyň Ukrainadaky “agressiýasy” we Krymy anneksiýa etmegi bilen, Moskwanyň “özbaşdak döwletleriň öz ykballaryny özleriniň kesgitlemegi” ýaly demokratiki pikirlere garşy çykýandygyny nygtady.

Ol Moskwanyň hereketleri netijeside Ýewropada “çaklamasy kyn bolan, juda gorkuly” howpsuzlyk ýagdaýlarynyň dörändigini aýtdy.

Rasmussen “biziň howpsuzlygymyz, biziň bol-elinligimiziň esasydyr” diýip, goranmak pudagyna has köp çykdajy goýbermäge çagyrdy.

Moskwa

Rasmusseniň çykyşy bilen bir hatarda, 19-njy maýda rus prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň serhedindäki rus goşunlarynyň öz bazalaryna dolanmaklary üçin görkezme berendigini aýtdy.

Kremliň berýän maglumatyna görä, “planlaşdyrylan” diýilýän ýazky harby-türgenleşiklerden soň Rostow, Belgorod we Brýansk regionlaryndaky goşunlaryň yzlaryna dolanmaklary üçin görkezme berlipdir.

Ýaýradylan beýanata görä, Putin goşunlaryň çekilmegi bilen baglylykda goranmak ministri Sergeý Şoýgu ýörite görkezme beripdir.

Mundan iki hepde ozal hem şular ýaly beýanat ýaýradylyp, onda rus goşunlarynyň serhetden çekilendigi barada maglumat berlipdi.

Kremliň beýanatynda anyk näçe harbynyň we haýsy wagt araçäginde serhetden çekiljekdigi barada takyk maglumat berilmeýär.

NATO Ukraina bilen serhetde ruslaryň 40 müňden gowrak goşunynyň bardygyny çaklaýar.

Şol bir wagtda, Russiýa Kiýewiň ýurduň gündogar sebitlerindäki operasiýalaryny togtadyp, öz goşunlaryny yzyna çekmegi üçin duýduryş berdi.

Şeýle-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrain krizisi bilen baglylykda, Moskwanyň Ýewropa Bileleşigi we NATO bilen gatnaşyklaryny “täzeden düýpli seljermelidigini” nygtady.
XS
SM
MD
LG