Sepleriň elýeterliligi

2014: Türkmenistan we howpsuzlyk


"Talyban" söweşijisi

"Talyban" söweşijisi

2014-nji ýylyň aýagyna çenli Owganystandan Halkara güýçleriniň çekilmegi bilen, diňe bir bu ýurtda däl, eýsem, sebitdäki serhetdeş döwletlerde hem döräp biljek howpsuzlyk ýagdaýlary bilen baglylykda dürli howatyrlanmalar bar.

Soňky döwür, 744 km serhet araçägi bolan türkmen-owgan serhedinde hem adam ýitgili çaknyşyklaryň bolandygy barada maglumatlar gowşupdy.

Eýsem, Türkmenistana howpsuzlyk wehimleri abanyp bilermi? Aşgabat haýsy ýollary saýlap, özüni bolup biläýjek howpsuzlyk ýagdaýlaryndan gorap biler?

Azatlyk Radiosy gürrüňi gidýän region we howpsuzlyk boýunça abraýly bilermenler bilen 'Tegelek stol' söhbetdeşligini geçirip, bu mesele dogrusynda gürrüň etdi.

Söhbetdeşlige gatnaşan bilermenler:

Kolumbiýa Uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa boýunça bilermen, ençeme neşirleriň awtory - Aleksandr Kuleý;

Russiýanyň bilimler akademiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan;

Ýewraziýa boýunça iň tanymal neşirleriň biri hasaplanýan "Eurasia.net" neşiriniň harby hem syýasy ugurlary boýunça eksperti Joşua Kuçera;

Owganystanyň Kabul uniwersitetiniň professory Wadir Safi;

Azatlyk Radiosynyň habarçysy, Merkezi Aziýa meselelerini içginden yzarlaýan Brýus Paniýer.

Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň direktory Muhammad Tahir alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG