Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Otly heläkçiligi boldy


"Interfaks" agentliginiň Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekiline salgylanyp habar bermegine görä, azyndan bäş adam wepat bolup, 15 adam ýaralanypdyr. Ýaralananlaryň bäşisi agyr ýagdaýda.

Orsýetiň Moskwa welaýatynyň gubernatory Andreý Worobýow 20-nji maýda “Rossiýa 24” telekanalyna telefon arkaly beren interýyusynda “ilkinji netijelere görä, heläkçilige ýük daşaýan otlynyň ýolundan çykmagy sebäp boldy” diýdi.

Orsýetiň Adatdan daşary ministrliginiň resmi beýannamasynda orsýetlilere dowula düşmän asudalygy saklamaga çagyryş edildi, emma heläkçilikli waka barada jikme-jik maglumat berilmedi.

ITAR-TASS agentliginiň maglumatynda ýük we ýolagçy otlylaryň çaknyşandygy aýdyldy. Agentlik polisiýadaky çeşmä salgylanyp, “ilkini maglumatlar heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny görkezýär diýip habar berdi.
XS
SM
MD
LG