Sepleriň elýeterliligi

Donetsk: Separatistlere garşy protest geçýär


Ukrainanyň Donetsk şäherinde ýurduň iň baý raýaty Rinat Ahmetowyň guramaçylygynda Orsýete tarapdar separatistlere garşy parahatçylykly protest geçirilýär.

400 golaý aktiwist 20-nji maýda Donetskde sport stadionynda jemlendi. Bu aksiýa regionyň iň uly senagat kärhanalarynda günortan sesli çagyryş edilensoň başlandy.

Donetskde awtoulaglar hem ses çykaryp, Orsýete tarapdar separatistlere garşy protest geçirýän adamlara raýdaşlyk bildirdiler. Separatistler aprel aýynda Ukrainanyň bu regionynda “Donetsk halk respublikasyny” döredýändiklerini yglan edipdi.

Stadionda ýerleşdirilen uly telewizion ekranda Ahmetowyň ozal telewideniýede görkezilen aksiýa gatnaşmaga wideo çagyryşy görkezildi.

Separatistleriň öz özüni ykrar eden liderleri bu aksiýa jogap berjekdigini aýdyp, regionyň senagat kärhanalaryny millileşdirmek planlaryny yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG