Sepleriň elýeterliligi

Balkan ýarymadasy: Suw joşguny güýçlenýär


Bosniýada, Serbiýada we Horwatiýada 20-nji maýda irden müňlerçe adam ewakuasiýa edildi. Geçen hepdede regionda bolan güýçli ýagyşlaryň netijesinde emele gelen suw joşguny zerarly ýaşaýyş jaýlary we ekin meýdanlaryny suw aldy.

Tebigy betbagtçylyk zerarly Bosniýada azyndan 20 adam, Serbiýada 20 adam we Horwatiýada 2 adam heläk boldy.

Serbiýada üç günlük matam yglan edildi.

Sawa derýasynyň kenaryny berkitmek boýunça işler geçirilýär. 20-nji we 21-nji maýda Belgradda derýada suwuň iň ýokary derejä ýetjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG