Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: Separatistere gaşry protest geçdi


Aktiwistler “Şahtýor” futbol toparynyň lybasyna geýnip, Donetskiň etegindäki stadionyna ýygnandylar.
Aktiwistler “Şahtýor” futbol toparynyň lybasyna geýnip, Donetskiň etegindäki stadionyna ýygnandylar.
Ukrainanyň iň baý adamlarynyň biri Rinat Ahmetowyň çagyryşyndan soň, Donetsk şäherinde Orsýet tarapdary separatistlere garşy parahatçylykly protest geçirildi. Bu aralykda Moskwa özüniň Ukraina bilen serhetdäki goşunlaryny yza çekmäge taýýarlyk görýär.

400-e golaý aktiwist Ahmetowa degişli “Şahtýor” futbol toparynyň lybasyna geýnip, Donetskiň etegindäki “Donbas-Arena” stadionynda ýygnandy.

Orsýet tarapdary separatistlere garşy çykýan aktiwistlere raýdaşlyk görkezip, Donetskiň sürüjileri ulaglary arkaly sigal berdiler. Orsýet tarapdary separatistler aprelde bu sebiti “Donetskiň milli respublikasy” diýip yglan edipdiler.

19-njy maýda telewideniýede eden çykyşynda Ahmetow “adamlaryň gorky we terror astynda ýaşamakdan ýadandyklaryny” nygtady.

Ol gozgalaňçylaryň sebitde diňe “galtamanlyk we ogrulyk” bilen meşgullanýandyklaryny öňe sürdi.

"Biz gorkmaýarys"

Ahmetow: “Men biziň yza gaýtmajakdygymyzy ähli kişä mälim edesim gelýär. Siz bizi gorkuzyp bilmersiňiz. Bizi hiç kim gorkuzyp bilmez. Bu özüni ‘Donetskiň milli respublikasy’ diýip atlandyrýanlara hem degişlidir. Aýdyň maňa, Donbasda bularyň ýekeje bir wekilini bilýän adam barmy? Olar biziň sebitimiz üçin näme edipdir?” diýdi.

Baýlygy 12 milliard dollar çemesi hasaplanýan Ahmetowyň Donbas diýlip atlandyrylýan gündogar sebitlerde uly senagatçylyk zawoddlary bar.

BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) 20-nji maýda beren maglumatyna görä, Ukrain krizisi başlanaly bäri sebitde azyndan 10 müň töweregi adam öýlerini terk etmeli bolupdyr. Bularyň hem aglabasynyň Krym tatarlarydygy bellenilýär.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň metbugat wekili Adrian Edwardsyň sözlerine görä, “Ukrainada adamlaryň bir ýerden beýleki ýerä göçmegi mart aýynda Krymda geçirilen referendumdan soň başlap, häzir hem dowam edýär”.

Edwards sözüni dowam etdirip, “göçenleriň aglabasynyň etniki tatarlardygyny, emma ýerli resmiler etniki ukrainlaryň, ruslaryň we gatyşyk maşgalalaryň hem bardygyny habar berýär” diýip, nygtady.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi prezident Wladimir Putiniň 19-njy maýda beren degişli görkezmesinden soň, Brýansk, Belgorod we Rostow raýonlaryndaky rus goşunlarynyň yza çekilmäge taýýarlyk görýändigini mälim etdi.

Ministrlik goşunlaryň harby berkitmelerini sökmegi üçin wagtyň gerek boljakdygyny aýtdy.

NATO ýagdaýlara içginden gözegçilik edýändigini aýdýar. Ýaranlyk Ukraina bilen serhetde 40 müňden gowrak rus goşunynyň bardygyny çaklaýar.
XS
SM
MD
LG