Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Misrihanow: Raýatlar emläk hukugyny talap etmeli


Aşgabat
Aşgabat
Türkmenistanda dürli ýyllarda jaýy ýumrulyp, hem jaýsyz, hem-de maddy taýdan çeken zyýanyna hiç hili kompensasiýa alyp bilmedik raýatlaryň takyk sany elýeterli däl, emma garaşsyzlyk ýyllarynda tutuş Türkmenistan boýunça ýykylan jaýlaryň sany azyndan on müňlerçe diýlip hasap edilýär. Ýuristleriň tassyklamaklaryna görä, Türkmenistanda şu günki güne çenli hem köp jaýyň, mellek ýerleriniň kanuna laýyk resmileşdirilmän galmagy raýatlaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýar.

Eýsem şu günki gün Türkmenistanda öýi ýykylan we öz hukugyny talap etmek kararyna gelen raýat näme etmeli?

Azatlyk Radiosy asly türkmenistanly, häzir Gollandiýada hereket edýän “Garaşsyz aklawçylaryň bileleşigi” atly guramanyň ýolbaşçysy Timur Misrihanow bilen söhbetdeş bolup, onuň raýatlaryň bu meselede tapgyrlaýyn geçmeli bolýan ýoluny ädimme-ädim kesgitläp bermegini haýyş etdi.

Azatlyk Radiosy: Timur, jaýlary ýykylan adamlar öz emläk hukugynyň berjaý edilmegini talap etmek üçin nämeden başlamaly?

Timur Misrihanow: Birinji nobatda jaýlaryň ýykylmak kararyny mälim eden instansiýa ýüzlenmeli. Adatça bu şäherleriň we etraplaryň häkimlikleridir. Bu birinji edara. Ikinji edara degerli ministrlikler bolup biler. Soňra sudlara ýüz tutmaly. Arzany başda şäher suduna ibermeli, alnan jogap kanagatlandyrylmadyk ýagdaýynda welaýat suduna ýüz tutmaly. Iň ýokarky sud organy Türkmenistanyň Baş sudy bolup durýar. Bu organda hem meselesi çözülmedik adamlar Türkmenistanyň prezidentiniň adyna we şunuň bilen bir wagtda Baş prokuratura hat ýazmaly; Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutyna hem hat ýollap bolýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda raýatlaryň jaýynyň, emläginiň ýumrulmagyna degişli ýagdaýlar haýsy kanunlar esasynda kesgitlenýär?

Timur Misrihanow: Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, ýurduň Konstitusiýasynyň 5-nji we 9-njy maddalary, Türkmenistanyň Emläk baradaky kanunynyň 26-njy maddasynyň 1-nji bölegi we Türkmenistanyň Jaý kodeksiniň 136-njy maddasy raýatlaryň jaýlarynyň ýumrulmagy bilen bagly ýagdaýlary we adamlaryň hak-hukuklaryny kesgitleýär.

Hususan-da, jaýlary ýykylmaly edilen raýatlar häkimlige baryp, kararyň görkezilmegini talap etmeli we özlerine ýykyljak jaýyň ýerine nämäniň hödürlenýändigini soramaly. Düzgüne görä, bu zatlary häkimligiň özi raýatlara ýetirmeli. Emma Türkmenistanda häkimiýetler düzgüni köplenç berjaý etmeýärler. Şonuň üçin raýatlaryň özleri herekete geçmeli bolýarlar. Bu raýatlaryň häkimiýet bilen gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegine degişli ädimdir.

Ikinji ädim dokumentleriň kämilleşdirilmegine degişli. Bu ýerde aýratyn bellenmeli ýene bir mesele bar: raýatlar islendik edara arza bilen ýüz tutanlarynda emlägine degişli ähli dokumentleri toplap ibermeli. Ýagny mellegiň berilmegi baradaky kagyzdan başlap, jaý gurluşygyna çenli resminamalar, tölegler baradaky kwitansiýalar, çykdajylar baradaky kagyzlar, şeýle-de suratlar we şaýat görkezmeleri, ýagny golaýda ýaşaýan goňşylaryň görkezmeleri toplanmaly.

Azatlyk Radiosy: Siz raýatlar jaýyň ýykyljak diýilende häkimlige barmaly diýdiňiz, olar baryp nämäni talap etmeli?

Timur Misrihanow: Adatça häkimlik belli bir wagta çenli, belli bir karara laýyklykda jaýyňyzy ýykmak barada karara gelindi diýen duýduryş hatyny berýär we raýatlaryň öz jaýlaryny özleriniň ýykmagyny teklip edýär. Şeýle ýagdaýda raýat häkimlikden öz jaýynyň ýykylmagy barada gelnen resmi kararyň çap görnüşli nusgasyny talap etmäge hakly. Düzgüne görä, şeýle kararlary raýatlara häkimlikleriň özleri bermeli. Emma olar muny bermekden ýüz öwren halatynda, raýatlar ol karary talap edip, ýazmaça arza bilen ýüzlenmeli. Kararyň çap görnüşli nusgasy raýata şonda-da berilmese, ol suda ýüz tutmaly.

Azatlyk Radiosy: Adamlar häkimlige, suda ýüz tutanda näçe wagtlap garaşmaly?

Timur Misrihanow: Türkmenistanda arzalara seretmegiň kesgitlenen wagt möhletleri bar. 10 günlük möhlet bar, bir aýlyk möhlet bar. Edara degişli wagt möhletini anyklap, agzalan wagt möhletinde resmi jogap gelmese, raýat has ýokardaky edara ýüz tutmaly we ozalky edarada özüne jogabyň berilmändigini aýtmaly. Muny hat üsti bilen iberilen ozalky arzanyň nusgasy we onuň iberilendigini subut edýän poçta kwitansiýalarynyň nusgasy bilen delillendirmeli.

Azatlyk Radiosy: Timur, takyk bir mysala seredip, adamlaryň şu ýagdaýda näme etmelidigini aýdyp berseňiz. Hususan-da Aşgabadyň Atatürk köçesinde 1993-2003-nji ýyllaryň aralygynda iki sany hususy jaý guran bir maşgala, jaýy ýykylansoň, hökümetden hiç zat alyp bilmändir. Olar guran jaýyny öz wagtynda hasaba hem goýduryp bilmändir. Siziňçe, olar üçin çykalga barmy?

Timur Misrihanow: Bu Türkmenistana mahsus we giň ýaýran bir ýagdaýdyr. Bize ýüzlenýänleriň arasynda şeýle ýagdaýa düşen adam gaty köp. Türkmenistanda jaý meselesindäki kanunçylygyň berjaý edilişi kämil bolmansoň, köp adam öz emlägini onlarça ýyllap düzgüne laýyk resmileşdirip bilmän ýaşaýar.

Üstesine, adamlaryň kanun taýdan sowatsyzlygy-da olaryň ýagdaýyny agyrlaşdyrýar. Türkmenistanda raýatlar jaý meselesi bilen häkimlige baranda şeýle ýagdaýa köp duş gelýärler, ýagny olara “aladalanmaň, bar zat kadaly, siz ýaşap ýörsüňiz-ä şu çaka çenli, diýmek bar zat kadaly”, diýip, dilden jogap berýärler, adamlar hem ynanyp gaýdýarlar. Soň bolsa jaýlar ýykylanda häkimiýetler raýatlara “dokumentiňiz ýok, size hiç zat berilmeýär” diýýärler.

Emma raýatlar emläk hukugyny goramaga kanun taýdan haklydygyny bilmeli. Mellegiň resminamasyny, jaý gurluşygyna degişli islendik şertnamalary, kwitansiýalary, suratlary, şaýatlaryň görkezmelerini, ýagny adamlaryň şol ýerde ýaşandygyny görkezip biljek ähli maglumaty toplamaly. Sebäbi kanuna görä, adamlaryň emläginiň, ýaşan döwründe sarp eden pullarynyň öwezi dolunmaly.
XS
SM
MD
LG