Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Moskwa duýduryş berýär


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Buharestde. Rumyniýa. 21-nji maý, 2014 ý.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Buharestde. Rumyniýa. 21-nji maý, 2014 ý.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden (Joe Biden) Ukrainada geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmazlyk üçin Moskwa duýduryş berdi.

Buharestde Rumyniýanyň prezidenti Traiýan Basesku (Traian Basescu) bilen geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda Baýden Moskwa garşy girizilen sanksiýarlara “ygrarly bolmalydyklaryny” belledi. Şeýle-de Baýden 25-nji maýdaky Ukrain saýlawlary bulaşdyrylsa, Russiýa garşy has köp sanksiýalaryň girizilmeginiň hem mümkindigini nygtady.

Şeýle-de Baýden NATO-nyň 5-nji maddasynyň üstünde durup geçdi. ABŞ-ly resmi Russiýanyň Rumyniýadan 350 km uzaklykdaky Krymda görkezen agressiýasy, munuň häzir hem gerekdigini äşgär edýär diýdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Rumyniýanyň Dolanşykdaky içerki önüminiň 2%-ni goranmak pudagyna ýatyrýandygy üçin hem, özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle-de Baýden öňümizdäki ýyl Rumyniýanyň Deweselu sebitinde raketa hüjüminden goranyş ulgamlaryny açmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.
Ukraina: Baýden Orsýete duýduryş etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:38 0:00

Basesku ABŞ-nyň Ukrain krizisine tizara reaksiýa görkezip, sebitde özüniň harby howa güýçlerini ýerleşdirendigi üçin-de sagbolsun aýtdy. Ol munuň “Russiýanyň Sowet Soýuzyny dikeltmek boýunça görkezýän hyjuwyny gowşatjakdygyny” hem sözüne goşdy.

Basesku: "Men ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýdene Ukrainadaky konflikt we Krymyň bikanun anneksiýasyna garşy gyssagly reaksiýa bildirip, howa, deňiz we ýer güýçlerini sebite ugradandygy üçin, sagbolsun aýtdym. Olar indi islendik, hususanda Russiýanyň Sowet Soýuzyny dikeltmek baradaky badyny gowşatmak missiýasyny amala aşyrmaga taýýar".

Krym annesksiýa edilenden soň, NATO Polşada we Rumyniýada AWACS gözegçilik uçarlaryny ýerleşdirdi; Baltik we Gara deňizlerine harby gämilerini ýollady; şeýle-de Polşa, Rumyniýa we Baltik döwletlerine ABŞ-ly esgerleri ornaşdyrdy.

Basesku “Bu ABŞ-nyň öz sözünde durýandygyna güwädir” diýip, belledi.

21-nji maýda Baýden Rumyniýanyň premýer-ministri Wiktor Ponta (Victor Ponta) bilen gepleşik geçirende, Ýewropa integrasiýasynyň nobatdaky tapgyrynda howpsuz, dürli energiýa bazarlarynyň gerekdigini belledi.

Ol: “Biz Russiýanyň özüniň energiýa resurslaryny sebitdäki islendik birine garşy ýarag hökmünde ulanmagynyň öňüni almaly” diýdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Moldawiýanyň garaşsyzlygyna we döwlet gurluşyna Waşingtonyň goldawyny hem mälim etdi.

Moldawiýa NATO agza Rumyniýa we Ukraina bilen serhetleşýär. 1990-njy ýyllarda onuň Orsýet tarapdary Pridnestrowýe sebiti Kişinewdan bölünip aýrylypdy. Munuň netijesinde eýýäm onlarça ýyl bäri regionda konfliktli ýagdaýlar dowam edýär.

1992-nji ýylda Moldawiýanyň goşunlary Pridnistrowýe bilen gysga wagtlyk urşupdy. Emma rus goşunlary separatistleriň tarapyna geçenden soň, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşyk baglaşylypdy.
XS
SM
MD
LG