Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Hüjümde 10 adam öldi


Owganystanyň gündogarynda we demirgazyk-gündogarynda “Talyban” hereketiniň söweşijileri polisiýanyň barlag-gözegçilik postuna hüjüm etdiler. Bu wakada azyndan 10 polisiýa ofiseri öldi.

Badahşan welaýatynyň polisiýa resmisi Abdul Kadyr Saýada (Abdul Qadir Sayad) salgylanyp berilýän maglumata görä, “Talyban” söweşijileri Ýomgan etrabyndaky polisiýa bazalaryna hüjümleri başladypdyrlar. Şeýle-de, söweşijiler etrap bilen welaýat paýtagtynyň arasyndaky aragatnaşygy kesmek üçin mobil telefon sütünini ýumrupdyrlar.

Badahşan welaýat häkiminiň metbugat wekili Nawid Ferutan (Naveed Ferootan) gürrüňi edilýän hüjümiň mundan öňki bolan hüjümlerden “has güýçlidigini” aýdyp, etrap merkezini “söweş meýdany” diýip häsiýetlendirdi.

Maglumatlarda gürrüňi edilýän hüjümde alty polisiýa ofiseriniň we bäş söweşijiniň öldürilendigi aýdylýar.

Bu aralykda Owganystanyň paýtagty Kabulyň gündogaryndaky Lagman welaýatynda hijably söweşijileriň etrap polisiýa bazasyna hüjüm edendigi habar berilýär.

Gürrüňi edilýän hüjümler “Talyban” hereketiniň ýazky hüjümleriniň bir bölegidir. Bu hüjümler ýurtda 14-nji iýunda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň öň ýanynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG