Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan: Hüjümlerde 32 söweşiji öldi


Pakistanyň harby resmileri 21-nji maýda “takyklyk bilen amala aşyrylan harby howa hüjümlerinde” azyndan 32 söweşijiniň, şol sanda esasy komandirleriň öldürilendigini habar berýärler. Bu waka Pakistanyň Owganystan bilen araçäginiň golaýyndaky tire-taýpalar regionynda boldy.

Ýurduň resmileri “AFP” habar gullugyna beren maglumatlarynda 21-nji maýda Demirgazyk Waziristanda “söweşijileriň buky ýerleriniň” nyşana alnandygyny tassykladylar.

Bu aralykda Pakistanyň ýerli metbugatynda ýurduň armiýasy tarapyndan başladylan gijeki operasiýada 80-den gowrak söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär. Şol maglumatlarda armiýanyň harby uçarlarynyň we dikuçarlarynyň Demirgazyk Waziristanyň birnäçe territoriýasynda, şol sanda Miran Şah, Mir Ali we Boýa şäherlerinde ulanylandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän territoriýada 21-nji maýda geçirilmegi planlaşdyrylan orta mekdebiň soňky synp we ýokary okuw jaýlarynyň synaglary goýbolsun edilse-de, barlag-gözegçilik nokatlary dikeldilip, komendant sagatlary, ýagny köçä çykmak gadagançylygy girizildi.
XS
SM
MD
LG