Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Özbek çagalary ýitirim bolansoň, howpsuzlyk güýçlendi


Özbegistanyň günorta-günbataryndaky Buhara welaýatynda birnäçe çaga ýitirim bolansoň, ýurduň ýerli mekdeplerinde we çagalar baglarynda howpsuzlyk güýçlendirildi.

Buharanyň Içeri işler direktoratyndan bir resmi 20-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýitirim bolan çagalaryň biri, ýagny 11 ýaşyndaky gyzyň jesedi 12-nji maýda ýapdan tapylandygyny aýtdy. Onuň ölmegine nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli maglumat ýok.

Soňky iki aýyň dowamynda Özbegistanda mekdepleriň we çagalar baglarynyň golaýynda çagalaryň alnyp gaçylýandygy habar berlipdi. Soňky hepdeleriň dowamynda ýitirim bolan çagalaryň sany barada takyk maglumat ýok. Çagalary alyp gaçanlar ene-atalara hiç hili talap bilen ýüz tutmadylar.

Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ýolbaşçylar ene-atalardan çagalaryň mekdebe gidiş we gaýdyş ýolundaky howpsuzlygynyň jogapkärçiligini doly öz üstüne alýan ýazmaça hata gol goýmagyny sorap, olary ätiýaçly bolmaga çagyryş edipdirler.
XS
SM
MD
LG