Sepleriň elýeterliligi

​Mubarak we onuň iki ogly höküm edildi


Müsüriň sudy ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaragy (Hosni Mubarak) korrupsiýa aýyplamalary bilen üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

21-nji maýda Kairde bolan sud diňlenişiginde Mubaragyň iki ogly Jamal we Alaa hem bidüzgünçilikde günäli tapylyp, her biri dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olar ýurduň prezident köşgüniň gaýtadan bejerilmegi üçin bölünip aýrylan 17,6 million amerikan dollaryny bikanun öz hasaplaryna geçirmek bilen aýyplandylar.

Şeýle-de, Mubaraklaryň üçüsi hem 3 million amerikan dollary möçberinde pul jezasyny tölemäge we 17,6 million amerikan dollaryny döwlet gaznasyna yzyna tölemäge jezalandyryldy.

86 ýaşyndaky Mubarak wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we 2011-nji ýylda bolan gozgalaňlarda protestçileri öldürmäge dildüwşikde hem aýyplanýar. Şol gozgalaňlarda Mubarak wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.

Müsürde Mubarakdan soň häkimiýet başyna geçen yslamçy prezident Muhammad Morsi geçen ýylyň iýul aýynda ýurduň harbylary tarapyndan häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Müsürde täze prezidentlik saýlawlary 26-njy we 27-nji maýda geçirilýär. Bu saýlawlarda ýurduň armiýasynyň öňki başlygy Abdel Fattah al-Sisiniň ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG