Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​“Çyraçy türkmen gyzlary”


Özlerini "çyraçy gyzlar" diýip atlandyrýan türkmen gyzlarynyň oglanlar bilen tans edip duran pursaty.
Özlerini "çyraçy gyzlar" diýip atlandyrýan türkmen gyzlarynyň oglanlar bilen tans edip duran pursaty.
18-nji maýda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda NASCAR, ýagny “Gymmat ulaglaryň awto ýaryşy boýunça milli assosiasiýasy” awto-ýaryşyny geçirdi. Bu ýaryşda Sam Horniş Jr (Sam Hornish Jr.) birinji orny eýeledi.

Şuňa meňzeş ýaryşlar dünýäniň ençeme ýurtlarynda ýylyň dürli-dürli wagtlarynda geçirilýär. Edil şeýle awto-ýaryşlary bolmasa-da, resmi bolmadyk awto-ýaryşlara Türkmenistanda hem duş gelinýär. Olardan birem “çyraçylaryň” arasynda geçirilýän ýaryşlar.

“Çyraçy” adynyň nireden gelip çykandygy barada dürli garaýyşlar bar, emma bu umuman köçelerde, toý dabaralarda ýaşlaryň arasynda geçirilip, şonda ýaşlar kähalatlarda howply diýip boljak derejede ulagy tiz sürmek boýunça güýjüni synaýarlar.

Soňky günlerde käbir sosial ulgamlarda “çyraçy gyzlar” diýlip atlandyrylýan türkmen gyzlarynyň ulagda ýaryşýandygyny ýa-da olaryň ulagy dürli tizliklerde sürýändigini görkezýän wideo ýazgylara hem köp duş gelnip başlanyldy.

Şeýle-de, sosial ulagmalarda türkmen gyzlarynyň “çyraçy gyz” ýa-da “bet gyz” diýen at bilen kalýan çekip, hereketli tanslary oýnap duran pursatlaryna hem duş gelse bolýar.

Bu ýagdaý barada il arasynda dürli gürrüňler bar. Eýsem, çyraçylyk näme, onuň ýaşlaryň ünsüni çekmeginiň sebäbi näme? Türkmenistandaky “çyraçylara, çyraçy gyzlara” türkmen ýaşlary nähili garaýarlar? Bu barada gyzlaryň özleri, ene-atalar näme pikirde?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi biziň gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Email adresimiz: hat@azatradio.org. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG