Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-Hytaý: Tebigy gaz ylalaşygy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde), "Gazprom" kärhanasynyň başlygy Alekseý Miller (ortada) we Hytaýyň Milli Nebit-gaz korporasiýasynyň prezidenti Žou Jiping. Hytaý. 21-nji maý, 2014 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde), "Gazprom" kärhanasynyň başlygy Alekseý Miller (ortada) we Hytaýyň Milli Nebit-gaz korporasiýasynyň prezidenti Žou Jiping. Hytaý. 21-nji maý, 2014 ý.
“Gazpromyň” berýän maglumatyna görä, 21-nji maýda Orsýet bilen Hytaýyň arasynda otuz ýyllyk “tebigy gaz” ylalaşygyna gol çekildi. Bu ylalaşygyň netijesinde Orsýet dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýy her ýyl 38 milliard kub metr tebigy gaz bilen üpjün eder. Bu mesele boýunça bilinýän maglumatlar barada içgin gürrüň edýäris.

Hytaý bilen Orsýet haýsy ugurlar boýunça ylalaşyk geçirdiler?

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy bilen Hytaýyň “CNPC” milli nebit-gaz korporasiýasynyň arasynda 30 ýyllyk tebigy gaz ylalaşygyna gol goýuldy. Munuň esasynda 2018-nji ýyldan başlap Orsýet Hytaý Halk Respublikasyny ýylda 38 milliard kub metr gaz bilen üpjin eder. Ylalaşygyň şertleri gizlin bolmagynda galýar.

Gürrüňi edilýän ylalaşyk halka ýetirilmezden ozal hytaýly we orsýetli kompaniýalar söwda sferasynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklary has berkitmek üçin köp sanly tasalamalara gol çekişdiler. Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki OAK Birleşen Awigurluşyk korporasiýasy bilen Hytaýyň “Comac” kompaniýasynyň arasynda uzak aralyga gatnawlary amala aşyryp biljek uçarlary öndürmek barada bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Agzalýan taslamanyň Airbus we Boing kompaniýalary bilen bäsleşmegi maksat edinilýär. Orsýet bilen Hytaý iki döwletiň araçägini kesip geçýän demir ýol köprüsiniň Amur derýasynyň üstünden gurulmagy we gurluşygyň 2016-njy ýyla çenli tamamlanmagy boýunça-da-da ylalaşyklara gol çekdiler.

Ylalaşygyň bahasy näçe?

Ylalaşylan tebigy gazyň bahasy syr bolmagynda galýar. Gazpromyň başlygy Alekseý Miller tabigy gazyň bahasynyň “söwda syrydygyny” aýtdy. Ýöne ol gol çekilen şertnamalaryň jemi bahasynyň 400 milliard amerikan dollaryna barabardygyny aýtdy. Putin agzalýan ylalaşyk üçin 55 milliard maýa goýumyny goýjakdygyny öz gezeginde Hytaý tarapy hem ylalaşyklar üçin 20 milliard dollar pul möçberinde maýa goýjakdygyny mälim etdi.

Putin gol çekilen ylalaşykdaky tebigy gazyň bahasynyň iki tarapy hem kanagatlandyrýandygyny aýtdy. Ol öz sözlerinde gazy we tebigy gaz ýangyjyny beýleki Günbatar Ýewropadaky partnýorlaryna näçeden satýan bolsa Hytaýa-da şol bahadan ylalaşandyklaryny aýtdy. Döwlet eýeçiligindäki “Izwestiýa” gazeti Gazpromyň bir wekiliniň sözlerine salgylanyp tebigy gazyň bahasynyň 350-380 amerikan dollary aralygyndadygyny aýtdy. Bu habar başga-da köp sanly rus media toparlarynyň neşirlerinde agzaldy. Roýters habar agentliginiň berýän maglumatyna görä soňky iki ýylyň dowamynda ýewropalylar hem Orsýetden agzalýan nyrh boýunça gaz satyn alýan ekeni.

Ýöne “Brookings” institutynyň rus ykdysadyýeti boýunça bilermeni Klifford Gaddiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşliginde bellemegine görä, gol çekilen ylalaşyklaryň nyrhlaryny biribirinden üzňelikde, aýratynlykda agzamagyň manysy ýok diýen ýaly, sebäbi ylalaşyklar boýunça başga-da köp meselerler bar.

“Köp ugurly ylalaşyklaryň ählisine goýberiljek puluň mukdaryny bilmezden, ylalaşyklaryň umumy bahasyna seredip, karz alynan puluň prosendine esaslanyp, ýa-da bolmasa karz alynan puluň mukdaryndan, öňünden tölen töleglerden ugur alyp hiç hili netijä baryp bolmaz. Ylalaşyklary ol ýa-da beýleki tarapa has amatly edip görkezmek üçin, elbetde, synanyşyklar bardyr. Görnetin bir hakykat bar, ýagny orslaryň pes oturýan ýaly bolup görnesleri gelenok”.

Hytaýa gaz geçiriji trubalaryny çekmek näçe wagt alar?

Ylalaşykda aýdylşyna görä, gaz üpjinçiligi 2018-nji ýyldan başlar. Ýöne eger-de taraplar haýsy hem bolsa bir meselede ylalaşmasalar agzalýan senäniň yza süýşürilmegi hem mümkin. Gaddiniň aýtmagyna görä, bu mesele, taraplaryň gaz geçirijiler üçin näçeräk pul serişdesini sarp edýändiklerine we ylalaşygy durmuşa geçirmekdäki syýasy erk-islege bagly bolup durýar:

“Eger-de orslar haýsydyr bir taslama ýeterlik derejede pul serişdesini sarp etseler onda olaryň muny gysga wagtyň içinde amala aşyryp bilýändiklerini biz ozalam bilýäris. Meselem, Soçi muňa mysal bolup biler. Hytaýlylaram edil şolar ýaly, ýöne olar haçan-da bir işe sözüň doly manysynda berilseler şonda doly amala aşyrýarlar. Diýmek bu taslamanyň tamamlanmagy mümkinçiliklere bagly mesele däl, eýsem meseläniň taraplar üçin gyssaglydygyna ýa-da däldigine baglydyr”.

Bu ylalaşyk Orsýetiň Ýewropa we Ukraina satýan gazyna nähili täsir eder?

Gönüden-göni täsir etmez. Gazpromyň ýaýradan beýanatyna görä, Hytaýa satyljak tebigy gaz esasan iki ýatakdan, ýagny gündogar Sibirdäki Kowytinskoýe we Çaýandinskoýe gaz känlerinden üpjin ediler. Bu gaz ýataklary daşary ýurtlara satylýan gaz geçirijilerine birikdirilmändir. Orsýetiň Ukrainanyň üsti bilen günbatar Ýewropa satýan gazy esasan Günbatar Sibirdäki gaz ýataklaryndan alynýan ekeni.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, şeýle seredenimizde bu ylalaşyk günbatar Ýewropa satylýan gazyň bahasyna täsir eder diýlip çaklanylýar. Sebäbi, Orsýet öz gazyny satmak üçin alternatiw bazaryna arkaýyn bolar.

“Gazpromyň Aziýany hem öz gazy bilen üpjin edip başlamagy onuň ýewropalylar bilen edýän tebigy gaz gepleşiklerinde pozisiýasyny güýçlendirer. Bu esasan, iň köp kimiň kime garaşlydygyna bagly meseledir. Elbetde, biz öz gipotezlerimiz bilen hakykatyň tapawudyna magat göz ýetirmeli. Sebäbi, käwagt hatda gol çekilen ylalaşyklar hem wagtyň geçmegi bilen, bazar şertleriniň, syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlarynyň üýtgemegi bilen başa barmany bilýär”. diýip Klifford Gaddi nygtaýar.

Garward uniwersitetiniň Orsýet we Ýewraziýa barlaglary merkeziniň baýry bilermeni Marşel Goldman bolsa ýewropa satylýan gazyň Orsýet üçin gaty uly ähmiýetiniň bolmajakdygyny, sebäbi Orsýetiň dünýäde iň baý gaz känlerine eýedigini aýtdy:

“Meniň pikirimçe Orsýet üiçn munuň tapawudy ýok. Sebäbi orslar gazyny kime sataýyn diýse satyp bilýär. Olaryň subut edilen gaz känleri we gaz rezerwleri köp”.

Orsýet-Hytaý gepleşikleriniň şu döwürde geçirilmeginiň Ukrain krizisi bilen ilteşigi barmy?

Şeýle bolmagy gaty ahmal. Orsýet bilen Hytaý ozal on ýyllap gepleşik geçerip ylalaşyga baryp bilmäni ýörkäler, birden 21-nji maýda iki tarap hem ylalaşyklara gol goýdular. Şondan hatda bir gün ozal hem taraplar ylalaşyga baryp bilmändiler. Munuň bilen bir hatarda Orsýet, eger-de ukrainlar orslardan alýan gazynyň puluny öňünden tölemeseler, 1-nji iýundan başlap gazy kesjekdigini aýdýar.
“Orslar soňky ylalaşyga gol çekmäge mejbur galdylar. Munuň şeýledigi görnüp dur. Olar propaganda maksatlarynyň hatyrasyna şeýle etmäge mejbur galdylar. Olar özleriniň Günbatara garaşly däldiklerini görkezmek üçin Hytaý bilen ylalaşmaly boldular” diýip Gaddi gürrüň berýär we sözleriniň üstüni ýetirýär:

“Ýöne beýle diýmeklik “ylalaşyk adalatsyz” diýmeklik däldir. Beýle diýmeklik hytaýlylar orslary gysýar diýmeklik däldir. Eger-de şeýle bolsa, ýagny bu ylalaşykda ors tarapy goşmaça pul töleýän bolsa onda diýmek olaryň özleri öz islegleri bilen pul töläsleri gelýär. Diýmek, olar üçin ähmiýetli zat häzir şol. Meniň pikirimçe, şonuň üçin orslaryň häzir “Ynha biz hytaýlylar bilen uly göwrümli ylalaşyklara gol çekdik. Indi biziň Günbatara we Ýewropalylara alternatiwalarymyz bar. Biz indi olaryň sanksiýalaryndan zyýan çekmeris” diýesleri gelýän bolmaly.
XS
SM
MD
LG