Sepleriň elýeterliligi

Waşingtonda energiýa howpsuzlygy maslahatlaşyldy


Hytaý işçisi plakatyň öňünde, Turkmenistan-Hytaý geçirijisi, Gazagystan, Otar gas stansiýasy, 12-nji dekabr, 2009.

Hytaý işçisi plakatyň öňünde, Turkmenistan-Hytaý geçirijisi, Gazagystan, Otar gas stansiýasy, 12-nji dekabr, 2009.

21-nji maýda Waşingtonda, ABŞ-nyň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetinde Merkezi Aziýanyň energiýa howpsuzlygy meselesine bagyşlanan diňlenişik geçirildi.

Daşary gatnaşyklar baradaky komitetiň başlygy Dana Rorabaher (Dana Rohrabacher) diňlenişigi açyp, geçirilýän maslahatyň ähmiýetini görkezýän täzelige, Hytaý bilen Orsýetiň 400 milliard dollarlyk gaz şertnamasyna gol çekendigine ünsi çekdi. Ol munuň uly wakadygyny we şol bir wagtda Ýewropa iberilip biljek gazyň bir bölegini bazardan alýandygyny belledi.

«Kärdeşlerimiň köpüsiniň bilşi ýaly, men kommunistik Hytaýyň harby we ykdysady kuwwatynyň ýokary galýandygyny ýyllarboýy duýduryp gelýärin. Bu gün Hytaý Orsýet bilen 400 milliard dollarlyk energiýa şertnamasyna gol çekip, dünýäniň iň uly energiýa sarp edijisine öwrüldi.»

Dana Rorabaher bu ýagdaýyň Merkezi Aziýanyň nebit-gazyny hem Hytaý Kommunistik partiýasynyň energiýa planlarynyň möhüm bir bölegine aýlandyrýandygyny aýtdy.

Uzagy nazarlaýan maksat

Ol Kommunistik partiýanyň öz ýurduny demir ýumruk astynda dolandyrýanydygyny we goňşularyna hem wehim salýandygyny belläp, Pekin režiminiň indi öz täsirini ýurduň günbatar serhetlerinden aňryk, Merkezi Aziýa çenli hem giňeldendigine ünsi çekdi:

«Olaryň maksady uzak möhletli şertnamalar, maýa ýatyrym karzlary, Hytaýa geçiriji gurmak, para bermek we beýleki emeller bilen, energiýa resurslaryna elýeterliligi berkitmekden ybarat.»

Rorabaher bu ýerde ýalňyşmaly däldigini, bu ylalaşyklaryň Hytaýyň korrumpirlenen partiýa liderleriniň peýdasyna bolýandygyny, emma Merkezi Aziýanyň halk köpçüligi üçin beýle bir bähbit getirmejegini ýatlatdy.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Dana Rorabaher Amerikanyň bu sebitde ýüzbe-ýüz bolýan synaglarynyň syýasy progresi, özbaşdaklygy, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň özygtýarlylygyny ilerletjek syýasatlary durmuşa geçirmek hem-de bu ýurtlaryň energiýa we beýleki tebigy serişdelerini strategiki we ykdysady taýdan bähbitli esaslarda eksport etmäge ýol bermek bilen bagly, bu asla ýeňil wezipe däl diýdi.

Päsgelçilik nämede?

Diňlenişigiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz energiýa serişdelerini eksport etmek, Ýewropa bazaryna çykarmak, has gowy we ynamdar bahadan satyp bilmek mümkinçiliklerine päsgel berýän ýagdaýlar barada hem gürrüň edildi.

Strategiki we halkara barlaglary boýunça Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň direktorynyň orunbasary we ylmy işgäri, ylymlaryň doktory Jefriý Mankof (Jeffrey Mankoff) Birleşen Ştatlaryň Hazar deňzi basseýnine indi iki onýyllykdan gowrak wagt bäri dünýä bazary üçin täze uly nebit-gaz çeşmesi hökmünde garaýandygyny, emma bu görnetin mümkinçilikden peýdalanmakda kelte gaýdylandygyny belledi.

Mankofyň pikirine görä, Hazar energiýasyny Ýewropa bazaryna getirmekde bir tarapdan geografiki päsgelçilikler rol oýnan bolsa, ikinji tarapdan bu ýerde syýasy päsgelçilikler boldy. Bu ýagdaý esasan hem Hazar deňziniň gündogar tarapynda, Merkezi Aziýanyň esasy energiýa öndrürijileri bolan Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýerleşýän ýerlerinde şeýle boldy.

Mankof soňky ýyllarda bu sebitden Hytaýa iberilýän nebit-gazyň möçberiniň artdyrylandygyny, munuň bir tarapdan olaryň Orsýetiň gaz bazaryna garaşlylygyny gowşadandygyny aýtdy. Emma ol bu ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky aýdyňlyk we syýasy reforma prospektlerini çäklendirendigini, şol bir wagtda-da sebitde Günbatar täsiriniň güýçlenmek mümkinçiligine päsgelçilik bolandygyny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň ozalky orunbasary, Milli howpsuzlyk geňeşiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ozalky direktory, Atlantik geňeşiň Dinu Patrisiu Ýewraziýa merkeziniň uly ylymy işgäri Deýwid A.Merkel öz çykyşynda Orsýetiň energiýa bazaryndaky islendik ýaryşy Orsýete garşy bir hereket hökmünde häsiýetlendirýändigini belledi.

Ol bu meselede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýagdaýy barada durup geçip, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň uly möçberli uglewodorod resursyna eýe bolan üç ýurdy bolup durýandygyny belledi.

“Halkara Energiýa agentliginiň maglumatyna görä, Merkezi Aziýanyň bäş milliard tonna işläp boljak rusursy bar” diýip, Deýwid Merkel aýtdy. Ol Gazagystanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin uly möçberde daşary ýurt maýasynyň ýatyrylandygyny, emma muny Türkmenistan we Özbegistan barada aýdyp bolmajagyny belledi.

Merkeliň pikiriçe, beýle ýagdaýyň döremeginiň birnäçe sebäbi bar, emma olaryň esasylary ýerli hökümetleriň, Moskwanyň basyşyndan çekinip, daşary ýurt kampaniýalary bilen gatnaşyk gurmakdan çeke durmagy bilen bagly.
XS
SM
MD
LG