Sepleriň elýeterliligi

Kiýew gyssagly duşuşyga çagyrýar


Arseniy Ýatsenýuk

Arseniy Ýatsenýuk

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk gündogar Ukrainadaky ganly söweş zerarly BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly duşuşygynyň geçirilmegine çagyrdy.

Ýatsenýuk 22-nji maýda žurnalistlere Kiýew Orsýetiň konflikti ýitileşdirip, 25-nji maýdaky prezident saýlawlaryny böltemäge synanyşýandygy barada subutnama görkezmek isleýär diýdi.

Şu arada Goranmak ministrliginiň sözçüsi orsýetçi separatistler bilen çaknyşyklarda ukrain esgerleriniň dokuzysynyň öldürilendigini aýtdy.

Bohdan Senk Fransiýanyň AFP habar gullugyna sekiz esgeriň gije, separatistler Donetskiniň günortasyndaky Wolnowaha töwereklerinde ýerleşýän ukrain barlag nokadyna hüjüm edende öldürilendigini, bir ukrain esgeriniň bolsa goňşulykdaky Luhansk regionynda bolan çaknyşyklar mahalynda wepat bolandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, AP Wolnowahanyň ýanyndaky Blahodatne obasyndaky barlag nokadynda 11 ukranalynyň öldürilendigini, 31-isiniň bolsa ýaralanandygyny habar berýär.

AP žurnalistleri hüjüm bolan ýerde Ukrainanyň üç sany bronly harby maşynynyň we birnäçe ýük ulagynyň weýran edilendigini aýdýarlar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bolsa, 22-nji maýda ýarag ýüklenen birnäçe otlynyň we esger ýüklenen uçarlaryň Ukraina bilen serhetdäki Belgorod, Brýansk we Rostow regionlaryny terk edendigini, munuň köpçülikleýin harby çekilişdigini aýtdy.

NATO-nyň başlygy Anders Fog Rasmussen 22-nji maýda Montenegroda çykyş edip, rus goşunlarynyň Ukraina bilen serhetdäki çäkli hereketleri çekilmek taýýarlygyny «aňladyp biler» diýdi.

Rasmussen "Men munuň doly we hakyky çekilişiň başlangyjy bolmagyna umyt baglaýaryn" diýdi.

"Häzir ozal ýerleşdirilen rus goşunlarynyň köpüsi ukrain serhediniň golaýynda galmagyny dowam etdirýär we biz ol ýerde rus maşklarynyň dowam etdirilýändigini görýäris. Eger biz doly manysyndaky, hemme taraply we tassyklap boljak islendik çekilişi görsek, muny men ilkinji bolup gutlaryn" diýip, Rasmussen sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu birinji gezek bolýar, NATO Ukrainadaky krizis başlaly bäri Moskwanyň Ukraina serhedine golaý ýerleşýän goşunlaryny yza çekýändigi barada eden beýanatlaryna hiç hili ynam bildirmändi.

Ýaranlyk Orsýetiň bu töwerekde 40 müň çemesi esgeri toplandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG