Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Moskwa: Gaz partlamasynda dört adam ýaralandy


Moskwanyň ýaşaýyş jaýlarynyň birinde bolan tebigy gaz partlamasynda dört adam, şol sanda Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň bir işgäri ýaralandy.

Russiýanyň Adatdan daşary işler boýunça ministrliginiň metbugat wekili Wiktor Birýukow gürrüňi edilýän wakanyň 22-nji maýda Moskwanyň Kutuzow şaýolunyň ugrundaky ýaşaýyş jaýynda ýüze çykandygyny aýtdy.

40 ýaşlaryndaky asly amerikaly zenan gürrüňi edilýän ministrligiň dikuçary tarapyndan partlamanyň bolan ýerinden çykaryldy we Moskwanyň keselhanasyna alnyp gidildi. Onuň şahsyýeti barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Şeýle-de, onuň saglyk ýagdaýy barada hem köpçülige mälim edilmedi.

Maglumatlarda wakada başga hiç kimiň ýaralanmandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG