Sepleriň elýeterliligi

​Hytaý: Hüjümde 31 adam öldi


Hytaýda iki ulagly hüjümçileriň awtomobili gyzgalaňly bazaryň içine sürüp, partladyjy serişdeleri ulagyň aýnasyndan daşary oklamagy netijesinde azyndan 31 adam öldi we başga-da 90 adam ýaralandy. Bu barada Hytaý metbugaty habar berýär.

Gürrüňi edilýän waka durnuksyz Sinjiang (Xinjiang) regionynyň paýtagty Urumçide boldy. Bu region uýgur musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýeridir.

Sinjiang regional häkimligi 22-nji maýda bolan hüjümi “has ýigrençli häsiýete eýe bolan çynlakaý ýowuz terroristik waka” diýip häsiýetlendirdi.

Soňky aýlaryň dowamynda tebigy resurslara baý bolan bu regionda ýowuzlyklar barha artýar. Pekin gürrüňi edilýän regiondaky yslamçy ekstremizm tarapyndan dolandyrylyp, daşary ýurt toparlar tarapyndan goldanylýan separatistler tarapyndan terroristik haýbatlar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG