Sepleriň elýeterliligi

Döwletde köýen pullaryň soragy


Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy

Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosyna ýüz tutup, ilatyň döwletiň amanat kassalarynda köýen pullarynyň öweziniň dolunmagy baradaky meseläniň gozgalmagyny haýyş edýärler.

Aýdylmagyna görä, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, rus rublyndan Türkmenistanyň milli manadyna geçilende, türkmen raýatlarynyň döwlet eýeçiligindäki amanat kassalarda onlarça ýyllap toplan pullary köýüpdir.

Şol gün amanat kassalaryndaky 1000 rubl - 2, 500 rubl - 1 manat bolupdyr. Rus rubly

Rus rubly

Ýaman ýeri, adamlaryň köpüsine şol wagt şeýle derejede hümmetini ýitiren pullaryny hem almak başartmandyr. Mundan başga, pul çalşylmazyndan öň hem adamlar öz bankda goýan pullaryny yzyna alyp bilmändirler. Üstesine, pul çalşylmazyndan öňki aýlarda aýlyklaryň hem 30 prosenti nagt berlip, galan bölegi banklardaky hasaplara geçirilipdir.

Türkmen ýazyjylarynyň biri şol günleri ýatlap, «gara gün» üçin aýlygyndan, pensiýasyndan pul süýşüren rus eneleriniň käbiriniň amanat kassalaryna baryp, «tabyt üçin ýygnan puljagazymdy» diýip aglap duranyny görendigini gürrüň berýär.
Şonda ol garrylar munuň döwlet tarapyndan öz raýatlaryna garşy sudsuz-beýlekisiz çykarylan konfiskasiýa hökümi bolandygyny aýdypdyrlar.

Mundan başga, 1941-45-nji ýyllaryň urşundan soň, 1970-nji ýyllara çenli, ýurdy dikeltmek üçin diýlip, adamlara üç prosentli zaýom-obligasiýalar satylypdyr. Bu zaýomlar maşgala sandyklarynda saklanyp, eneden gyza, atadan ogla geçirilipdir we adamlar döwlet bir gün bergi-borjuny üzer, adamlaryň zähmet haklaryndan tutulan pullary şol wagtky hümmeti bilen yzyna gaýtarar diýip umyt edipdirler.

Orsýetde ilatyň pul çalşylanda amanat kassalarynda köýen, hümmetini ýitiren pullarynyň öwezini dolmak, ýagny olaryň pullaryny birden, birbada däl-de, wagt çäginde, tapgyrlaýyn yzyna bermek işi alnyp barylýar.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hem häkimiýet başyna geçende, raýatlaryň döwletiň amanat kassalarynda köýen pullarynyň öwezini dolmak wadasyny berdi.

Emma bu wadanyň yzy gelmedi. Ýogsa Türkmenistan baý ýurt, ykdysadyýetiň bolsa hemme ugur boýunça çalt depginde ösýändigi aýdylýar.

Eýsem bu ýerde näme sebäp ýa-da bökdençlik bar? Türkmen raýatlarynyň döwletde köýen pullarynyň öwezi näme üçin dolunmaýar? Ýa-da ol pullaryň öwezini dolmak gerek dälmi?

Azatlyk radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.
Umuman, raýatlaryň döwletiň amanat kassalarynda köýen pullarynyň öweziniň dolunmagy näme üçin gerek ýa-da gerek däl?

Bu barada pikirleriňizi, bellikleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG