Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​“AI” türkmen tussaglary barada alada bildirýär


Adam hukuklaryny goraýan halkara “Amnesty International” guramasy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna türkmen türmelerinde açlyk yglan eden tussaglara garşy amala aşyrýan gorkuzmalaryny we azar bermelerini bes etmäge çagyryş etdi.

Guramanyň 22-nji maýda ýaýradan beýanatynda Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky prokuroryň 39 ýaşyndaky Mansur Mingelowy 19-njy maýda yglan eden açlygyny dowam etdirse, ony zor bilen iýmitlendirmek bilen haýbat atandygy bellenilýär.

2012-nji ýylda takyk bolmadyk aýyplamalar bilen 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Mingelow özüniň günäsizdigini nygtap, özüne we erkek doganyna garşy geçirilen sud işiniň adalatsyz bolandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol özüniň we doganynyň sülçüler tarapyndan agyr urlup-ýenjilendigini we beýleki dogan-garyndaşlarynyň hem gorkuzylandygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG