Sepleriň elýeterliligi

​Täjigistan: Horug dartgynlylaşýar


Täjigistanyň gündogaryndaky durnuksyz Daglyk-Badahşan welaýatynda ýüzlerçe protestçi düýn gijesi bilen regionyň paýtagty Horug şäherindäki çadyrlarda galdy. Olar hökümeti öz talaplaryny ýerine ýetirmäge ynandyrmaga çalyşýarlar.

Protestçiler 21-nji maýda birnäçe adamyň ölmegine sebäp bolan çaknyşyklaryň derňelmegini we ýerli häkimiň, polisiýa başlygynyň we prokuroryň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.

Gürrüňi edilýän adam ýitgileri şübheli jenaýatkärlere garşy polisiýanyň amala aşyran hüjümleri döwründe howpsuzlyk güýçleri bilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüze çykypdy.

22-nji maýda Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahim we milli howpsuzlyk boýunça prezidentiň maslahatçysy Şerali Haýrulloýew protestçileri şäheriň merkezini terk etmegi üçin yrmaga synanyşypdylar. Ýöne gepleşikler netijesiz tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG