Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Ukraina “raýat urşuna iterildi”


Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Moskwada halkara howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Ukraina “täsirli bir görnüşde raýat urşuna iterildi” diýdi.

Şoýgu delegasiýa ýüzlenip, “dartgynlylygyň ojagy emeli ýagdaýda Ýewropada döredildi” diýdi we bu meselede “reňkli diýlip atlandyrylýan rewolýusiýany” aýyplady.

Şeýle-de, ol “demokratiýanyň görnüşi hökmünde daşary ýurt gymmatlyklarynyň zor bilen adamlaryň boýnuna dakylýandygyny” sözüne goşdy.

Şoýgu şuňa meňzeş ýagdaýyň Wenezuellada hem bolup geçýändigini aýdyp, ol ýerde ýurduň kanunalaýyk hökümeti demokratik diýlip atlandyrylýan oppozisiýa tarapyndan garşylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi.
XS
SM
MD
LG