Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Hindi konsulhanasyna hüjüm edildi


Owganystanyň polisiýasy Hindistanyň konsulhanasyna hüjüm eden agyr ýaraglanan adamlaryň güýçli ok atyşykdan soň, öldürilendigini habar berýär. Gürrüňi edilýän hindi konsulhanasy ýurduň günbataryndaky Hyrat şäherinde ýerleşýär.

Bu hüjüme azyndan dört söweşiji, şol sanda janyndan geçen hem gatnaşdy. Söweşijiler pulemýot, granatamýot ýaly agyr ýaraglar bilen ýaraglanandy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, atyşygyň netijesinde ot alan binadan hindistanly işçiler aman çykarylypdyrlar. Maglumatlara görä, hüjümde iki polisiýa ofiseri ýeňil ýaralanypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Hindistan Owganystanda “Talyban” režimini agdarmaga kömek edipdi hem-de ýurda rekonstruksiýa we ynsanperwer kömeklerini berýän regiondaky esasy döwletleriň biridir.

Hindistanyň Owganystandaky dört konsulhanasy ýurduň Hyrat, Mazar-y Şerif, Gandahar we Jalalabat şäherlerinde ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG