Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkmen futbolçylary owganlardan ýeňildi


Türkmenistanyň milli futbol komandasy Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogynda Owganystandan 3-1 hasap bilen ýeňildi. Bu barada “Khaama Press” websahypasy habar berýär.

Bu futbol ýaryşynda türkmen komandasynyň atan goluny oýnuň ikinji ýarymynda futbolçy Süleýman tarapyndan owgan derwezesine salyndy. Şeýle-de, futbol ýaryşynyň dowamynda türkmen futbolçysy Süleýamana gyzyl kartoçka hem berildi.

Owgan komandasynyň atan ilkinji goly ýaryşyň birinji ýarymynyň soňky minutlarynda Yslam Amiri tarapyndan türkmen derwezesine salyndy. Ikinji gol bolsa ýaryşyň ikinji ýarymynyň ilkinji minutlarynda Ahmad Haris, üçünji gol ýaryşyň soňky minutlarynda Faýsal Şaista tarapyndan türkmen derwezesine salyndy.
XS
SM
MD
LG