Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG ýuridiki ýardam berýär


ÝHHG-niň emblemasy

ÝHHG-niň emblemasy

Azatlyk Radiosy jaý meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan türkmenistanlylaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezine ýüz tutmak mümkinçilikleri, olaryň bu ugurdaky alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, gürrüňi gidýän Merkez bilen habarlaşdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Azatlyk Radiosyna ýazmaça beren jogaby:


"Merkez öz mandatynyň, ýagny iş ygtyýarlygynyň çäklerinde öz hak-hukuklaryny goramak üçin, şol sanda ýaşaýyş jaýyna degişli meseleler bilen özüne – Merkeze ýüz tutan adamlara mugtuna dürli görnüşdäki ýuridiki, hukuk kömeklerini berýär. Merkez ejir çeken adamlara dilden ýuridiki konsultasiýa, maslahat berýär, kanun maglumatlaryny paýlaşýar we, ÝHHG-niň mandatyna göni gabat gelen ýagdaýynda degişli häkimiýet edaralaryna arza bilen ýüzlenmegiň taslamasyny taýýarlamaga kömekleşýär. Gyzyklanýanlaryň ählisi Merkeze gelip, öz meseleleri barada ýüzbe-ýüz maslahat edip bilerler. Şeýle-de olar Merkeze telefon edip ýa e-meýl iberip bilerler. Merkez adaty iş wagtlarynda hemmeler üçin açyk."

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG