Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Ukrain 'ýeňşiniň' täsiri


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň Ukraina boýunça 2013-nji ýylyň güýzünden bäri alyp barýan agresiw syýasaty Moskwa üçin bellärlikli bähbitleri netije berdi.

Kiýewiň Ýewropa bilen integrasiýasyna badak atyldy.

Strategiki ähmiýete eýe bolan Krym ýarymadasy Orsýete anneksiýa edildi.
Gündogar Ukrainadaky rusparaz seperatistleriň tutaşdyrýan bulagaýçylyklary Kiýewdäki hökümete dowul salýar. Şol bir wagtyň özünde bu durnuksyz ýagdaý Moskwanyň mundan beýläk hem Ukrainanyň içerki meselerlerine goşulmagyna “esas” bolýar.

"Gymmat ýeňiş"

Ýöne, eger-de Günbatar agzyny birikdirip uzak möhletli basyşyndan dänmese ýokarda agzalan taktiki ýeňişler Putine gaty gymmada düşer.

Brýusselde ýerleşýän “Karnegi Ýewropa” merkeziniň direktory Ýan Tekau bu mesele boýunça şeýle diýýär: “Orsýet öz-özüni harlady. Orsýetiň gaty az sanly hakyky patnýorlary galdy, hatda ozallar orslara bil baglap ýörän käbir hyzmatdaşlary hem Orsýetiň hiç haçan ynamdar partnýor bolup bilmejekdigine göz ýetirdiler”.

Tekau öz sözleriniň üstüni ýetirip şeýle diýýär: “Ukraina sebäpli Orsýet halkara jemgyýetçiliginden üzňeleşer, ýalňyzlaşar”

San Fransisko Döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Andreý Tsygankow, Orsýetiň şeýle kynçylyklara çydamlylygy ýa-da däldigi sorag astynda diýýär:

“Orsýetiň çydamlylygy Putiniň döreden döwlet sistemasynyň öz-özüni üýtgedip bilmek ukybyna we onuň has işjeňligine bagly bolar. Şeýle-de, bu ýagdaý onuň maddy çeşmeleri ýerlikli ulanyp ykdysadyýeti pozitiw ugur boýunça ösdürmek islegine-de bagly bolar. Sebäbi, häzirlikçe rus ykdysadyýeti hereketsiz. Eger-de Putin ykdysadyýeti işjeňleşdirip bilmese bu şeýle bolmagynda-da galjak ýaly bolup görünýär”.

Birleşen Ştatlary, ÝB we beýleki käbir ösen döwletler Orsýete garşy çäkli sanksiýalary girizip başladylar. Tekaunyň aýtmagyna görä Günbatar sanksiýalara dowam edip ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda “3-nji derejeli” çäklendirmeleri girizse, ýagny ozallar Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýaly çäklendirmeleri Orsýete garşy hem girizse onda bu ýagdaý rus ykdysadyýetini “saňsar” eder.

Mundanam has ähmiýetli bir mesele bar, ýagny Ukrainada ýüze çykan krizis ÝB-niň energiýa babatda Orsýete garaşly bolmazlyk syýasatynyň durmuşa geçirilşini has tizleşdirdi. Tekaunyň bellemegine görä soňky ýagdaýlaryň Orsýete edýän täsiri üstümizdäki birnäçe aýyň ýa-da birnäçe ýylyň dowamynda göze ilginç bolmany biler, ýöne sanksiýalar dowam etdigiçe Orsýet gaty uly ýitgilere sezewar bolar.

Halas bolmak üçin Hytaý

Günbatara jogap hökmünde Orsýet öz ykdysadyýetiniň belli bir bölegini gündogara tarap gönükdirip başlady. Putiniň Hytaýa eden resmi saparynyň öňi syrasynda premýer-ministr Medwedew Bloomberg kanalyna beren interwýusynda Orsýetiň Pasifik regionyndaky döwletler bilen söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny maksat edinýändiklerini aýtdy.

Medwedew: “Bir hepde ozal men Aziýa-Pasifik regiony bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin hökümet ministrleri we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ýörite ýygnak geçirdim. Aýratynam Hytaý Halk Respublikasy bilen has işjeň hyzmatdaşlyklary göz öňünde tutýarys. Şeýle hyzmatdaşlyk söwda hem-de maýa goýum ulgamynda biziň üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar”.

21-nji maýda Putiniň Hytaýa edýän saparynyň çäklerinde Orsýet bilen Hytaý uzak-möhletli we uly göwrümli tebigy gaz ylalaşygyna gol çekdi. Ylalaşygyň detallary entek seljerilýän hem bolsa, biz bir zady aýdyp bileris, ýagny bu ýagdaýy Orsýetiň soraglaryna jogap bolup bilmez. Sebäbi, bu şertnama laýyklykda Orsýet Hytaýa ýylda 38 milliard kub metr gaz satar ýöne ol 2012-nji ýylda Ýewropa 139 milliard kub metr gaz satypdy.

Gazyň bahasynyň näçedigi barada takyk maglumat berýän adam ýok, ýöne bu takmynan 1000 kub metr gaza 350 dollar töwerefi bolar diýlip çak edilýär. Agzalýan baha satylýan gazy çykarmakda edilen çykdajynyň bahasyna deňeçer bolýar. Bu hem döwletiň gaznasyna hiç-hili girdeji getirmeýär diýsek hem bolar. Hemme zat şowuna bolaýan ýagdaýynda-da satylmaly gaz Hytaýa 2018-nji ýyldan bärde akdyrylmaz.

Ösüş modelleri

“Orsýetiň Günbatardan öz islegi bilen üzňeleşmegi we bu ýagdaýa çydajak bolmagy bir zady görkezýär, ýagny Moskwa ýurduň ozalky prezidentleri Boris Ýelsiniň, Medwedewiň goldan “Neoliberal döwrebaplaşma” syýasatyndan el çekýär” diýip Tsygankow belleýär.

Putiniň alyp barýan syýasatyna döwlet gözegçilgindäki “Neo-merkantilist döwrebaplaşyk” diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. (Merkantilizm: Ykdysady teoriýa bolup 16-njy 18-nji asyrlarda Ýewropada ýoň bolupdy. Bu taglymata görä halkyň gazananlary hökümetiň gözegçiliginde döwlete gönükdirilýär.)
Tsygankowy gyzyklandyrýan sorag şu, ýagny “Orslar Putiniň kälä getiren işlemeýän, peýdasyz mehanizmini kabul ederlermi, ýa-da olar Hytaýyňky ýaly “döwrebaplaşyk” syýasatyna eýererlermi?”

Tsygankow analizlerine şeýle dowam edýär, Putiniň Ukrainany bahanalap Günbatar bilen konflikte girmegi oňa orslaryň esasy ykdysady elitasynyň daşary ýurtlarda maýa goýmaklaryny togtadyp Orsýetiň içinde maýa goýmaklaryna talap etmäge mümkinçilik döretdi. Muňa garamazdan, ýüze çykan konflikt 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda Orsýetden köp mukdarda kapitalyň daşary ýurda akmagyna getirdi.
Tsygankowyň aýtmagyna görä rus ykdysadyýetiniň aşa köp harby maksatlara gönükdirilmegi sebäpli onlar üçin Hytaýyňky ýaly döwlet gözegçiligindäki döwrebaplaşmak syýasaty kybap däl bolup biler.
XS
SM
MD
LG