Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetsk: gorky saýlaw umytlaryny basýar


Orsýetçi separatistler saýlaw uçastogyndan alnan saýlaw gapyjaklaryny döwýärler. Donetsk, 23-nji maý, 2014
Orsýetçi separatistler saýlaw uçastogyndan alnan saýlaw gapyjaklaryny döwýärler. Donetsk, 23-nji maý, 2014
Orsýetçi separatistler Donetsk şäheriniň ilatynyň Ukrainanyň 25-nji maýdaky prezident saýlawlaryna gatnaşmazlygy üçin güýç we gorkuzma taktikalaryny ulanýarlar.

Donetsk gündogar Ukrainadaky iň uly şäher, onuň bir milliona golaý ilaty bar. Emma bu şäher, eger aglabasy bolmasa-da, köp saýlawçysy Ukrainanyň 25-nji maýdaky prezident saýlawlaryna gatnaşyp bilmejek ýeri bolup görünýär. Sebäbi separatistler bu şäheriň köçelerinde gorky, howatyr klimatyny ornaşdyrdylar.

Şäherdäki gorky-howatyr esasy bulwarlarda saýlaw kampaniýasyna degişli şygarlaryň, plakatlaryň gytçylygyndan hem göz-görtele görnüp dur, hatda ses berişligiň sanlyja gün öňünden hem saýlaw listowkalaryny paýlaýan adamlar tasdan göze ilmeýär. Ýerli žurnalistler iki-eke göze ilýän saýlaw plakatlarynyň diňe bir partiýa, Regionlar partiýasyna degişlidigini aýdýarlar. Bu partiýa soňky ýyllarda gündogar Ukrainada iň güýçli partiýa bolupdy.

Regionlar partiýasynyň kandidaty Mihaýlo Dobkin bitewi Ukraina gol ýapýar, emma öz regionlaryna has köp garaşsyzlyk berilmegini islänsoň, Günbatara tarapdarlygyna garanda Orsýete has kän gol ýapýan syýasatçy hasaplanýar.

Emma onuň kampaniýa işçileri hem, žurnalistleriň gürrüň bermeklerine görä, öz-özüni jar eden Donetsk halk respublikasynyň jeňçileriniň we separatistleriniň hüjüm etmeklerinden gorkup, köçeden çeke durýarlar.

Donetsk regionyny garaşsyz diýip yglan eden we ony Orsýetiň anneksiýa etmegine çagyran separatistler 25-nji maýdaky saýlawlaryň öňüni baglamagy wada berdiler we munuň üçin eýýäm tagalla baryny etdiler.

"Novosti Donbassa" habar saýtynyň redaktory Oleksiý Matsuka Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna jeňçileriň prezidentlige kandidatlar tarapyndan gurlan saýlaw merkezlerini gaýta-gaýta weýran edendiklerini gürrüň berdi.

"Olar faks, nusga alýan maşyn we kompýuter ýaly enjamlary döwýärler, saýlaw broşýuralaryny ýok edýärler" diýip, ol aýdýar.

Matsukanyň özi hem, saýty separatistlere tankydy bolansoň, şahsy howpsuzlygyny alada edip, şäheriň daşynda bir aýdylmaýan ýere göçmeli boldy.

Saýlaw kampaniýaçylarynyň gorkuzylmagy saýlaw komissiýasynyň işgärlerine hem degişli bolup durýar.

Donetskde bir saýlaw etrabynyň ýerine ýetiriş komissiýasynyň agzasy Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Donetsk halk respublikasynyň wekilleriniň 22-nji maýda etrap edarasyna gelendiklerini aýtdy.

Bronly žilet geýen bäş erkek, eli taýakly gelip, saýlaw işçileriniň ses beriş gapyrjaklaryny düňdermegini talap etdi. Olar «halkyň» saýlawlara taýýarlyga garşydygyny aýtdylar.

Beýleki ýaragly adamlar daşarda durdy. Içeri girenler dokumentleri, şol sanda komissiýa agzalarynyň atlaryny we adreslerini aldylar. Soň olar komissiýanyň başlygyna özleriniň alyp gidýän materiallary barada kwitansiýa, ýazgy berdiler.

Beýleki komissiýa wekilleri hem özleriniň şeýle basyşy başdan geçirendiklerini aýdýarlar.

Donetskdäki ýerli saýlaw komissiýalarynyň biriniň başlygynyň orunbasary Walery Dudarenko golaýda metbugata öz etrabyndaky 88 saýlaw uçastogyndan 60 sanysynyň 25-nji maýda işlemegine garaşýandygyny aýtdy

Kiýewdäki Merkezi saýlaw komissiýasy golaýda Donetsk we Luhansk regionlaryndaky saýlaw komissiýalarynyň üçden biriniň separatistler tarapyndan eýelenendigini aýtdy.
Maskaly orsýetçi separatist saýlaw uçastogyndan alan ses beriş gapyrjaklaryny güjeňleýär. Donetsk, 23-nji maý, 2014
Maskaly orsýetçi separatist saýlaw uçastogyndan alan ses beriş gapyrjaklaryny güjeňleýär. Donetsk, 23-nji maý, 2014

Kiýew ýerli saýlawçylary Donetsk we Luhansk regionlaryndan daşarda registrasiýadan geçmäge hujuwlandyrýar, ýogsa munuň soňky möhleti 19-njy maý bolupdy.

Ýerli žurnalistler ýaragly separatistleriň 25-nji maýda boljak saýlawlara taýýarlygyň arasynyň bölünmeginde örän başarnykly bolandyklaryny, sebäbi olaryň şäherde terrory giňden ulanandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Ukrain gullugynyň Donetskdäki habarçysy Olena Zaşko ýaragly jeňçileriň esasan Regional adminstrasiýanyň basylyp alnan binasynyň töwereginde we şol ýerdäki parkda bolýandygyny aýdýar.

Emma olar öz bazalaryndan daşaryk çykanlarynda, bilkastdan ýönekeý adamlaryň depe saçyny üýşürýän zorluklara ýüz urýarlar.

Ýaşaýjylar Donetskde şu günki gün iň gorkulýan edaranyň Regional adminstrasiýanyň alty hepde ozal separatistler tarapyndan basylyp alnan binasydygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG