Sepleriň elýeterliligi

Gökdepe mukamy - gamgyn mukam


Gökdepe galasynda bolan urşy suratlandyrýan kartina. Gökdepedäki milli muzeýde düşürilen surat.

Gökdepe galasynda bolan urşy suratlandyrýan kartina. Gökdepedäki milli muzeýde düşürilen surat.

Bu gara daglardan inermiş bela,
Müňläp ykbal bir-birinden keçmişin…
Dymyp dur bu çalsaç, gadymy gala,
Göýä jaýlaýan deý agyr geçmişin.

Daşynda ne otlar, ne-de bir güller,
Başynda, bilmedim, näme hyýaly.
Dymyp dur - hamana şol gara günleň
Biri hasabatyn soraýjak ýaly.

Dur ol - ruhy deýin ganly döwürleň,
Asyrlar oň günäsini ulaldan.
Göwresine siňen müňläp ömürleň
Hasabyna öz ömrüni uzaldan -

Monjuk deý arassa, dury gözýaşlaň,
Gözýaş deý monjuklan mazary gala.
Döwrüniň derdine dözmedik daşlaň
Çalam-çaş süňňüniň azary gala…

Garym-gatym süňkler - adamlar, atlar…
Bu ýadaw geçmişiň agypdyr eňki.
A diwarlar - bolgusyzja haýatlar,
A gala - şol gadym zamanaň süňki.

Doglan ýyly - Nuh eýýamyň durmuşy,
Doglan ýeri - tozap ýatan welaýat.
Ah, ne täsin bu ýalançyň gurluşy -
Käte şaýatlygam agyr jenaýat!

Nämüçin dymyp dur bu başsyz göwre?
Bizi ýat görýämi bu gadym mekan?
Ýa-da şaýat bolup aýylganç döwre
Şindem duranyna utanýamykan?

Bu gün hyýalynda dirilýä, belki,
Derwezesin läşi bilen ýapanlar!
Gizlenip, goranyp üstünde ilki,
Ahyram astynda rahat tapanlar…

Gan dökenem adam, goranam adam,
Nädip baýguş gelip tutunýa mekan?!
Ýa indi ýürekden çykan perýadam
Pelege kär edip bilmeýämikän?

Diwarlaryň diňe galypdyr ady,
Diwarlar ýurt göçen haraba ýaly.
Dur - göýä geçmişiň ýalňyz şaýady,
Hem ýeke-täk günäkäri mysaly…

Ahmyrly är gussa çekmez ýalandan,
Ah, bu syrly gala gürläp bilsedi:
Dilim gysga, ömrüm uzyn bolandan,
Ömrüm gysga, dilim uzyn bolsady!.."

1978, Aşgabat
XS
SM
MD
LG