Sepleriň elýeterliligi

Gan basyşy

Mugallym sapak wagty bezzatlyk edýän okuwçynyň familiýasyny tutup “Pylanyýew, betlik etme, ýene-de dawleniýäm (gan basyşym) galyp ugrady” diýýär. Bezzat okuwçy:

- Mugallym, siz ony ölçemäň, şonda ol ýokara galmaz - diýip, gara çyny bilen maslahat beripdir.

Syçan

SSSR-li hem-de ABŞ-ly alym möhüm ylmy synagy at-sorsuz adada gizlinlikde geçirmekçi bolýar. Olaryň dünýä derejesinde tanalýan alym bolany üçin SSSR öz alymynyň ýanyna KGB-niň (Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň), ABŞ öz alymynyň ýanyna MRU-niň (Merkezi Razwedka Uprawleniýesiniň) işgärini janpena edip goşýar.

Ada baran günleriniň ertesi alymlar öz janpenalaryna “Biz synaga başlajak, heriňiz bir syçan tutup geliň!” diýýär. MRU-nyň işgäri sähel salymdan syçan tutup gelýär.

KGB-niň işgäri onuň yzysüre boýnuna zynjyr salnan mähnet goňur aýyny iýdip gapydan girýär. Alymlar “Biz saňa syçan getir” diýdik. Bu idekläp getireniň aýy” diýip, goh edýär. KGB-niň işgäri: “Aýymy ýa-da syçan, ony özünden soraň” diýýär.

Boýny zynjyrly aýy sandyraklap durşuna:

- Jan agalar, maňa mundan artyk zulum, sütem etmäň, men syçan - diýipdir.

Ýunus Emre

Ýetginjek ýokary okuw jaýyna girmek üçin giriş ekzamenini tabşyrýar. Çeken biletindäki sowallara jogap berip bilmeýär.

Ekzamen alýan mugallym ony ekzamenden ýykmaga dözmän “Sen filologiýa fakultetine okuwa girmekçi bolýaň, Ýunus Emräniň kimdigini bilýärmiň?” diýip, ugrukdyryjy sowal berýär. Ýetginjek “Ýok” diýýär.

Mugallym oňa kanagatlanarsyz baha goýýar. Ol daşara çykanda indi ekzamene girjek bolup duranlar “Nätdiň, geçdiňmi?”diýip soraýar. Ekzamenden ýykylan:

- “Tanşyň bolmasa, okuwa girip bilmersiň” diýýänleri dogry eken. Ekzamen alýan mugallym “Ýunusy tanaýarmyň?” diýip, bir tanşynyň adyny tutdy. “Ýok” diýdim. “Ýunusy tanamaýan bolsaň, gidiber” diýip ýykdy. Ýunus para ýygnap getirýän araçy kezzap bolmaly. Garaz, tanşyň bolmasa, okuwa girip bolmaýanyna gözüm ýetdi - diýip zeýrenipdir.

Sowal-jogap

- Hiç zat bilmeýän, ýone hiç zat bilmeýänini bilýän adam kim
bolup biler?

- Professor.

-Hiç zat bilmeýän, hiç zat bilmeýäninem bilmeýän adam kim
bolup biler?

- Prezident.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG