Sepleriň elýeterliligi

Kannes festiwaly baýragyny berýär


Kannes kino festiwaly 24-nji maýda günorta Fransiýada guralan dabarada özüniň iň gowy film üçin ýokary baýragyny, «Palme d’Or» sylagyny berýär.

Ol ýerde festiwalyň žýurisi 18 filmiň içinden ýeňijini saýlamaly.

Wladimir Putiniň Orsýetindäki ýerli korrupsiýany suratlandyrýan täze film 23-nji maýda ilkinji gezek görkezilenden soň käbir gowy bahalara mynasyp boldy.

Habarçylar Andreý Zwiagintsewiň "Leviathan” filminiň bu baýraga mynasyp eser hökmünde öň saýlanandygyny aýdýarlar.

Bu kinoda demirgazyk Orsýetde bir maşgalanyň korrumpirlenen şäher häkimi tarapyndan deňiz ýakasyndaky jaýyndan mahrum edilişi hakynda gürrüň berilýär.

Tankytçylaryň käbiri bu filmiň häzirki zaman Orsýetindäki durmuşy sungat arkaly beýan edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG