Sepleriň elýeterliligi

Syýasatçylar «oýlandyrmak üçin» tutuldy


Taýlandyň döwlet agdarylyşygynyň ýolbaşçylarynyň sözçüsi goşunyň ozalky premýer-ministr Ýiňlak Şinawatrany, hökümet agzalaryny we hökümete garşy protestçileriň liderlerini, oýlanmaga wagt bermek üçin, bir hepde tussaglykda saklanjagyny aýdýar.

Goşunyň sözçüsi, polkowniý Wintai Suwari bu sözleri 24-nji maýda, harby huntanyň häkimiýeti eýeläli bäri gurnan ilkinji metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol onlarça syýasy şahsyýetiň mobil telefonlarynyň konfiskasiýa edilendigini aýtdy. Ol bu adamlaryň saklanýan ýerini aýtmady.

Bu çäre syýasatçylaryň 22-nji maýdaky döwlet agdarylyşygynyň liderlerine garşy toplanmagynyň öňüni almak üçin görülýäne meňzeýär.

Demokratik döwleti dikeltmek baradaky halkara çagyryşlaryna garamazdan, goşun başlygy, general Praýut Çan-oça raýat dolandyryşyna geçmegi wada bermedi.

Muňa derek ol bu ýerde ilki giň reformalaryň geçirilmelidigini we durnuklylygyň bolmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG