Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Germaniýany aladalandyrýar


German resmileri 24-nji maýda, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Kölne sapara gelende, çaknyşyk bolmagyndan howatyrlanýarlar.

Ýewropaly türk demokratlarynyň birleşigi Kölnde Erdoganyň çykyş etjek ýerinde onuň müňlerçe goldawçysynyň toplanjagyny aýdýar.

Şäher boýunça 10 müňden gowrak türk opponenti hem Erdogana garşy demonstrasiýa planlaşdyrdy. Germaniýanyň pitnä garşy polisiýasy fraksiýalaryň arasynda bolmagy mümkin çaknyşyklaryň öňüni almaga taýýarlanýar.

Emma Kölnüň şäher häkimi Juergen Roters munuň aňsat bolmajagyny aýtdy we Erdogany öýünde oturmaga çagyrdy.

23-nji maýda on müň sany adam Stambulda bir gün ozal polisiýa bilen hökümete garşy protestçileriň arasynda bolan çaknyşyk mahalynda, köçäniň gyrasynda durka ok degip ölen raýatyň hormatyna ýas ýörişini geçirdi.

Şeýle-de olar geçen hepde Somadaky şahta betbagtçylygynda ölenler, geçen ýyldaky gozgalaňda öldürilen ýetginjek üçin gahar-gazap bildirdiler.
XS
SM
MD
LG