Sepleriň elýeterliligi

Eýranly milliarder jezalandyryldy


Eýranda döwlet bankyndaky 2.6 milliard dollarlyk bank galplygy bilen ilteşikli biznesmen jezalandyrylyp öldürildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi 24-nji maýda Mahafarid Amir Hosrawiniň, ýa-da il içinde Amir Mansur Aria diýlip bilinýän tütjaryň Ewin türmesinde, ir bilen öldürilendigini aýtdy.

Hosrawiniň aklawçysy Golam Ali Riahi öz müşderisiniň ölüm jezasynyň ýerine ýetiriljekdigi barada öňünden hiç bir zat aýdylmandygyny aýtdy.

Döwlet telewideniýesi Hosrawiniň Ýokary sud onuň ölüm hökümini güýjünde galdyrandan soň jezalandyrylandygyny aýtdy.

Hosrawi ýurduň öňdebaryjy maliýe guramalarynyň biri bolan Sedarat bankyndan kredit alanda galplaşdyrylan dokumentleri ulanmakda günäli tapyldy.

Hosrawi bu karzy emläk satyn almakda, şol sanda döwlet eýeçiligindäki kompaniýalary satyn almakda ulandy.

Bu iş boýunça 39 adam günäli tapyldy we olaryň dördüsi ölüme höküm edildi, ikisi ömürlik tussag edildi, galanlary 25 ýyla çenli türme tussaglygyny aldy.
XS
SM
MD
LG