Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 7 adam öldürildi


Pakistanda bolan partlamalarda azyndan 7 adam öldi, bombalaryň ikisi Yslamabatda partlady.

24-nji maýdaky iň ganly partlama Mohmant tire sebitinde, Owganystan bilen serhet töwereginde boldy.

Ýol ýakasyndaky bomba partlanda alty esger öldi we biri ýaralandy.

Yslamabatdaky bomba ýerli wagt bilen sagat 2.00-da, şäher merkezine golaý bir söwda meýdanynda boldy. Polisiýa bu ýerden hassahana alnyp gidilen garawulyň heläk bolandygyny aýtdy.

Ikinji partlama şäheriň beýleki bir böleginde, bir maşynyň içinde boldy.
XS
SM
MD
LG