Sepleriň elýeterliligi

Dagly Badahşanda adam öldürildi


Täjigistanyň gündogaryndaky Dagly Badahşan sebitinde öten agşam, protestçiler howpsuzlyk güýçleriniň binasyna hüjüm edende, azyndan bir adam öldürildi, ikisi bolsa ýaralandy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Täjik gullugy 24-nji maýda protestçiler toparynyň sebitiň paýtagty Horugdaky Milli howpsuzlyk gullugynyň binasyna tarap ýöriş edendiklerini we atyşygyň başlanandygyny habar berdi.

Protestçiler 21-nji maýdan bäri Horugyň merkezindäki meýdançada toplanypdylar. Güman edilýän neşe gaçakçylary bilen polisiýanyň arasynda bolan atyşykda iki adam ölüp, biri ýaralanypdy.

Şol ýaralanan adam öten agşam hassahanada ölensoň, howpsuzlyk gullugynyň binasyna ýöriş geçirildi. Şaýatlaryň biri protestçileriň biriniň howpsuzlyk gullugynyň binasyna tarap granat zyňandygyny, käbir protestçileriň bolsa binany oka tutandygyny aýtdy.

Täjigistanyň hökümetiniň, 1991-nji ýylda ýurt garaşsyz bolaly bäri, Dagly Badahşan sebitine edýän kontrollugy gowuşgunsyz. Bu sebit ýarag we neşe gaçakçylarynyň mesgeni hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG