Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: 'Goşun çekmek wagt alar'


Slowýanskş golaý barlag nokadyndaky ukrain esgerleri

Slowýanskş golaý barlag nokadyndaky ukrain esgerleri

Orsýetiň harby resmileri indi özleriniň ukrain serhedindäki 40 müň esgerini ol ýerden çekmek wadasyny ýerine ýetirmekleriniň Ukrainada 25-nji maýda geçjek prezident saýlawlaryndan soň hem hepdeläp wagt aljagyny aýdýarlar.

Olar goşuny ol ýerden çykarmagyň, eger 25-nji maýda hiç kandidat aglaba köplügiň sesini almasa, prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň boljak wagtynda, 15-nji iýunda tamamlanmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Bu boýun alyş Ukrainada geçiriljek prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň iki gün öňünden edilýär.

ABŞ we Ýewropa resmileri rus goşunlarynyň serhetde toplanmagy, orsýetçi separatistleri gündogar Ukraindaky hökümet güýçlerine garşy söweşmäge iterip, saýlawy durnuksyzlaşdyrýar diýýärler.

Putiniň buýruklary

Prezident Wladimir Putin üç gezek özüniň serhet regionlaryndaky goşunlary doly çykarmagy buýrandygyny aýtdy.

Pentagon 23-nji maýda kiçiräk goşun süýşmeleriniň bolandygyny tassyklady, emma entek doly goşun çykaryş barada zat aýdardan ir diýdi.

Putin 23-nji maýda Sankt Peterburgda geçýän halkara biznes forumynda çykyş edip, «Orsýet hem ýagdaýyň biraz kadalaşmagyny isleýär we biz ukrain halkynyň saýlawyna hormat goýarys» diýdi.

Emma Putin 25-nji maýda geçjek saýlawlaryň kanunydygyny aýtmakdan saklandy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsiniň orunbasary Mariýe Harf 23-nji maýda Orsýeti özüniň separatistlere bolan täsirini ulanmaga hem-de olary 25-nji maýdaky saýlawlardan öň «öz zorlukly işlerini togtadyp, ýaraglaryny taşlamaga ündemäge» çagyrdy.

Saýlawa ýol berilmeli

Brýusselde, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aştonyň çap eden beýanatynda Ukrainadaky üstünlikli saýlawyň ol ýerdäki dargtgynlyklary azaltmakda we syýasy durnuklylygy dikeltmekde uly ädim boljagy aýdyldy.

Aşton şeýle diýdi: "Saýlaw resmilerine bütin ýurt boýunça hiç bir päsgelçiliksiz saýlaw geçirmäge, içerki we halkara synçylarynyň özleriniň saýlawa gözegçilik etmek işlerini doly berjaý etmeklerine ýol berilmelidir."

Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow 23-nji maýdaky resmi wideo beýanatynda «Ukrainanyň duşmanlary ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak we saýlawlary böltemek üçin soňky üç aýda elde baryny etdiler» diýdi.

“Emma ukrainalylar has güýçli we akylly çykdy” diýip, Turçinow aýtdy.

Goşun çykarmaga 20 gün gerek

General Waleriý Gerasimow, Orsýetiň Baş ştabynyň komandiri 23-nji maýda Moskwada geçen howpsuzlyk konferensiýasynda rus goşunlarynyň Ukraina bilen serhetdeş regionlardan öz hemişelik bazalaryna gaýdyp gelmeginiň 20 gün wagt aljagyny aýtdy.

Orsýetiň goranmak ministriniň orunbasary Anatoliý Antonowaý 23-nji maý güni irden serhet regionlaryndaky güýçleriň ählisiniň ol ýerleri «günler içinde» terk etjegini aýdypdy.

Ukrainanyň indiki prezidenti bolmaga çalyşýan kandidatlar 23-nji maýda, ukrain goşunlary gündogarda orsýetçi separatistlere garşy söweşde agyr ýitgi çekenden bir gün soň, jemleýji saýlaw ýygnanaşyklaryny geçirdiler.

Saýlawda 20-golaý dalaşgär bäsleşýär. 48 ýaşyndaky konditer magnaty Petro Poroşenkonyň beýleki dalaşgärlerden, şol sanda ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkodan öňde barýandygy aýdylýar.

Syýasy analistler 15-nji iýunda Poroşenko bilen Timoşenkonyň bäsleşmeginde saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmeli boljagyny çaklaýarlar.
XS
SM
MD
LG