Sepleriň elýeterliligi

Putin: 'Gaz tranzitimize howp abanýar'


Adamlar Putine garşy "ýumurtga bilen" ses berdiler. Kiýew, 24-nji maý, 2014.

Adamlar Putine garşy "ýumurtga bilen" ses berdiler. Kiýew, 24-nji maý, 2014.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin uly energiýa kompaniýalarynyň resmilerine Orsýetiň “ukrain radikallarynyň» Ýewropa gaz üpjünçiligini böltemek howpundan çanlakaý alada galýandygyny aýtdy.

Putin 24-nji maýda Sankt Peterburgada guralan Halkara ykdysady foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, bu diýilýän howpuň Orsýetiň Ukrainanyň üstünden Ýewropa iberýän gazyna abanýandygyny aýtdy:

"Ýaşyryp durjak däl, biz käbir ukrain radikallarynyň biziň gazymyzyň Ýewropa geçirilmegine päsgel bermek baradaky haýbatly beýanatlaryndan çynlakaý alada galýarys. Emma sagdyn pikir üstün çykar we bu beýle bolmaz diýip umyt edýäris."

Putin «goňşularymyzdaky ýagdaý biziň Ýewropa Bileleşiginiň energiýa ulanyjylaryna göni ýol boýunça gaz ibermek inisiatiwalarymyzyň aktualdygyny ýene bir gezek tassyklaýar» diýdi.

Ol Ýewropa komissiýasyny, ýewropaly sarp edijileriň bähbitlerini goramak üçin, göni energiýa üpjünçilik ýoluny döretmek ugrunda herekete geçmäge çagyrdy.

Putin Ýewropanyň rus energiýasyna garaşlylygyny azaltmak barada edilýän çagyryşlaryň üstünde hem durup geçdi. Ol Orsýetiň hemişe öz baglaşan şertnamalaryna amal edip, Ýewropa gaz ibermek borçlaryny ýerine ýetirip gelendigini aýtdy we rus energiýasyny almagy azaltmak barada aýdylýanlary «akmaklyk» atlandyrdy.

'Çemodan doly nagt pul'

Putin «Orsýet aziýa we ýewropa bazarlaryndaky energiýa nyrhlaryny betniýetli bilen ulanmaz» diýdi.

Ol Orsýetiň Ýewropanyň energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýa etmek planlaryndan habarlydygyny aýtdy we, Birleşen Ştatlardan gaz import edilmegini nazarda tutup, munuň Ýewropa üçin Orsýetden gaz satyn alandan has gymmat düşjegini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de Putin Ýewropa Bileleşigini, ÝB-niň Kremliň gündogar Ukraindaky durnuksyzlykdaky roly üçin Orsýete has kän sanksiýa girizmegiň pikirini edýän wagtynda, Orsýetde işleýän ýewropa kompaniýalarynyň bähbitlerini nazarda tutmaga çagyrdy.

"Bu ýerde işleýän ýewropa kompaniýalary köplenç halatda ýewropa bazarlary üçin işleýärler we Ýewropa çemodan doly nagt pul alyp gidýärler» diýip, Putin aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň pikirini edýän çäreleriniň arasynda, aýdylmagyna görä, Orsýetiň nebit-gaz kompaniýalaryna garşy sanksiýa girizmek hem bar, ýogsam bolmasa munuň ÝB üçin Orsýeti jezalandyrmagyň iň bir öte çäresi boljagy aýdylýar.

Şu arada, forumyň gapdalyndan, rus we aziýa kompaniýalarynyň arasynda, bir topar energiýa şertnamasyna gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň biri Orsýetiň iň uly nebit kompaniýasy Rosneft bilen Hindistanyň ONGC kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak bolsa, tähranly resmiler bilen Eýrana 10 milliard dollarlyk elektrik toguny ibermek barada maslahat etdi.
XS
SM
MD
LG