Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainalylar prezident saýlaýarlar


Luhansk: saýlawçylar ýapyk uçastoklary gördüler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00

Luhansk: saýlawçylar ýapyk uçastoklary gördüler

Ukrainda prezident saýlawlary geçirilýär. Bu saýlaw orsýetçi separatistleriň gündogardaky iki regionyň uly bölegine kontrolluk edýän wagtynda bolýar.

Irki alamatlardan çen tutulsa, paýtagt Kiýewde we günbatar Ukrainada saýlawa gatnaşyk ýokary boldy.

Emma muňa garamazdan, Donetsk regional adminstrasiýasy Merkezi ýewropa wagty bilen ir sagat 08.30-da gündogar regiondaky 2430 saýlaw uçastogyndan diňe 426-synyň açyk bolandygyny aýtdy.

Donetsk şäheriniň özünde hiç bir saýlaw uçastogy açyk däl. Goňşulykdaky Luhansk regionynyň merkezinde hem ses berişlik ýok, emma regionda käbir saýlaw uçastoklary açyk bolup çykdy.

Luhanks we Donetsk regionlarynyň iki ýaşaýjysy, Wasiliý bilen Tatýana 25-nji maýda «Roýters» habar gullugyna özleriniň saýlawda ses berip bilmändiklerini aýdyp, şeýle diýdiler:

"Men bu ýerde özümiziň saýlaw komissiýamyzyň işlemeýändigini görýärin, hiç zat ýok. Men isledim... Men saýlaw uçastogynyň işläp-işlemejegini bilmek isleýän."

"Men ýurtda ýaşaýaryn we prezident üçin ses berip bilemok. Bu düýpden bolmaýan zat. Her kimiň öz erki bolmaly. Eger men isleýän bolsam, ses bermeli, islemesem ses bermeli däl...» diýip, Tatýana aýtdy.

Iş başyndaky premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk saýlawlaryň gündogardaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmakda ilkinji ädim boljagyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin täze ukrain adminstrasiýasy bilen işleşmegi wada berdi.

Kiýew Moskwany separatistleri goldamakda aýyplaýar.

Wideo: Saýlawdan bir gün öň, aktiwistiň maşgalasy gowulyk umydynda
Aktiwistiň maşgalasy özgeriş umydynda
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:20 0:00

Ukrainanyň indiki lideri bolmak ugrunda on sekiz kandidat bäsleşýär.

Pikir soraşlyklar konditerçi milliarder Petro Poroşenkonyň öňde barýandygyny görkezýär.

Onuň ýakyn basdaşy ozalky bölüji premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko, ýöne ol has yzda.

Timoşenko merkezi Dnipropetrowsk şäherinde ses bereninden soň, «Ukrainada parahatçylygy dikeltmek üçin NATO goşulmak barada referendum geçirmäge wagt ýetdi» diýdi.

Ýatsenýuk 24-nji maýda eden beýanatynda ukrainalylara olaryň, «daşardan howandarlyk edilýän garakçylaryň» saýlawlary böltemek baradaky haýbatlaryna garamazdan, ses bermek jogapkärçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Ýatsenýuk özüniň saýlawlarda ýeňiji bolan adamyň Ýewropa Bileleşigi bilen esasy syýasy we azat söwda şertnamasyna gol çekişmegi ilkinji wezipe edip goýjagyna ynanýandygyny aýtdy.

Fotosergi

Moskwa tarapyndan goldanylan prezident Wiktor Ýanukowiçiň bu şertnama gol çekmekden ýüz ýüz öwürmegi aýlara çeken halk protestlerini möwjedip, fewral aýynda onuň Moskwa gaçmagy bilen soňlanypdy.

Ýatsenýuk bu ses berişligiň «günbatardaky, gündogardaky, demirgazykdaky we günortadaky ukrainalylaryň isleglerini aňlatjagyny» aýtdy.

Gündogardaky Donetsk we Luhansk regionlarynda orsýetçi pitneçiler saýlaw komissiýalarynyň ýaryna golaýyny ele geçirdiler ýa-da petiklediler, käbir ýagdaýlarda bolsa saýlaw resmilerini alyp gaçmaga, gorkuzmaga çenli baryp ýetdiler.
Ukraina Orsýete garşy durýar (©Shutterstock)
Ukraina Orsýete garşy durýar (©Shutterstock)


«Donetsk halk respublikasy» diýilýäniň liderleriniň biri Denis Puşilin 24-nji maýda gozgalaňçylaryň, eger zerur bolsa, saýlawa ýol bermezlik üçin güýç hem ulanjagyny aýtdy.

Häkimiýetler özleriniň ses berilýän gündäki howpsuzlygy üpjün etmek üçin on müňlerçe polisiýa işgärini we meýletinçini mobilizländiklerini aýdýarlar.

ÝHHG-nyň müňden gowrak synçysy, Donestk bilen Luhanskden başga ýerlerde, tutuş ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynda ses berlişine gözegçilik eder.

Ses berişlik 12 sagat, Merkezi Ýewropa wagty bilen sagat 19.00-a çenli dowam eder.

Şondan gysga wagt soň çykyş netijeleriniň görkezijileri mälim bolmaly, emma resmiler deslapky netijeleriň 26-njy maýa çenli belli bolmajagyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG