Sepleriň elýeterliligi

ÖYH howpy: faktmy ýa toslama?


Owganystan, Gunduz welaýaty, Özbegistanyň yslam hereketiniň jeňçileri.

Owganystan, Gunduz welaýaty, Özbegistanyň yslam hereketiniň jeňçileri.

“Özbegistanyň Yslam hereketi” atly topar Merkezi Aziýadaky iň güýçli söweşiji topar bolup, onuň agzalarynyň arasynda Merkezi Aziýa bilen bilelikde kawkaz, hatda kabir arap ýurtlaryndan bolan söweşijileriň hem bardygy aýdylýar.

Bu hereket soňky ýyllaryň dowamynda Özbegistan, Gyrgyzystan, Tajigistan, Pakistan ýaly ýurtlarda dürli hüjumleri amala aşyryp, soňky wagtlarda bolsa onuň ady demirgazyk Owganystanda bolup geçýän dürli wakalarda agzalýar.

Halkara derejesinde IMU “Islamic Movement of Uzbekistan” diýilip tanalýan bu topar, öz iş alyp barýan ýurtlarynda hökümetleriň yslam düzgünlerine görä dolandyrylmagyny talap edip çykyş edýär.

Onuň ýolbaşçy gatlagy 90-njy ýyllarda Merkezi Aziýany terk edip Owganystana, soňam Pakistanyň tire-taýpalar regionyna ýerleşipdi. Şu güne çenli bu toparyň iki ýolbaşçysy atylyp öldürildi.

Eýsem bu toparyň häzirki güýji, täsiri we guramaçylygy barada nähili maglumatlar bar?

2014-nji ýylda halkara güýçleriniň uly bir bölegi Owganystany terk edensoň, bu topardan nämä garaşmaly?

Azatlyk Radiosy nobatdaky ýörite proýektini şu tema bagyşlap, degişli ugurdan iş alyp barýan tanymal halkara we regional ekspertler bilen söhbet edýär.

Bu söhbete sizem gatnaşyň, öz pikirdir garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG