Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň güni bellenilýär


Türkmen paýtagty Aşgabadyň güni bellenilýär.

Düýn prezident G.Berdimuhamedow «Ak şäherim Aşgabat» monumentiniň we «Aşgabat» medeni seýilgähiniň dabaraly açylyşyna gatnaşdy.

25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara ylmy konferensiýanyň we serginiň açylandygy habar berilýär.

Bu foruma 50-ä golaý daşary ýurt kompaniýasynyň, dürli ýurtlaryň delegasiýalarynyň gatnaşýandygy aýdylýar.

Türkmen tarapyndan bu sergide 24 ministrlik we pudaklaýyn edara, 40-dan gowrak telekeçi kärhanasy öz önümlerini halka görkezýär diýip, habarlarda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG