Sepleriň elýeterliligi

Hytaýdaky sil 12 adamy öldürdi


Hytaýyň döwlet habar gullugy günorta Hytaýa gelen uly silde 12 adamyň ölendigini habar berdi.

Sinhua habar gullugy Guaňdoň welaýatyndaky Kiňguan şäherine gelen siliň 649 müň adama zyýan ýetirendigini, 3300 jaýy ýykandygyny aýdýar.

Habarda siliň ýetiren zyýanynyň 293 million dollar çemesidigi çaklanylýar.

Şitan şäherinde bolsa, sil agyz suwy howdanlaryny hapalansoň, 20 müňden gowrak ilatyň içere suwunyň ýokdugy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG