Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Şahab parlamente hüjüm edýär


Yslamçy jeňçi topar «Al-Şahabyň» Mogadişide Somaliniň parlament binasyna eden hüjüminde azyndan ýedi adam öldi.

24-nji maýdaky hüjüm ulag bombasynyň partlamagy, janyndan geçen bombaçylaryň we ýaragly adamlaryň parlament binalaryny oka tutmagy bilen başlandy.

Hüjüm wagty parlament agzalarynyň käbiri binanyň içindedi.

Şaýatlar ýaragly adamlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan atyşykda jeňçileriň azyndan altysynyň öldürilendigini, şeýle-de bir esgeriň wepat bolandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG