Sepleriň elýeterliligi

"Täze Orsýet" döredilýär


Gündogar Ukraindaky orsýetçi separatistler özleriniň «halk respublikalary» diýilýänlerini birleşdirip, täze ýurda öwürjeklerini, ony «Täze Orsýet» " (Novorossia) diýip atlandyrandyklaryny yglan etdiler.

Separatistler 24-nji maýda Donetsk şäherinde täze ýurt döretmek baradaky şertnama gol çekendiklerini aýdýarlar.

Bu dokumente ýaragly goragçylar tarapyndan berk goralýan dabarada gol çekildi we ol ýere diňe Orsýetiň döwlet telewideniýesiniň wekilleri goýberildi.

Bu prowokatiw ädim Ukrainanyň 25-nji maýdaky prezident saýlawlarynyň öň ýanynda ädildi.

Separatistler öz erkleriniň ýetýän ýerinde ses berişlige ýol bermejeklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG