Sepleriň elýeterliligi

Belgiýa howpsuzlygy berkidýär


Belgiýanyň häkimiýetleri, Brýusseldäki Ýewreý muzeýinde üç adam atylyp öldürilenden soň, ýurtda ýewreýleriň ýaşaýan ýerlerindäki howpsuzlyk ýagdaýyny berkidýär.

Tüpeňlenen dördünji pida agyr ýagdada. Polisiýa 24-nji maýdaky hüjümden soň saklanan adamyň günä bildirilmän boşadylandygyny aýtdy.

Indi başga bir güman edilýän gözlenilýär. Öldürilenleriň ikisi ysraýylly turistlerdi. Belgiýanyň prokuraturasy pidalaryň kellelerinden ýa-da bokurdaklaryndan tüpeňlenendigini aýtdy.

Premýer-ministr Elio Di Rupo ýurduň ýewreý jemgyýetçiligine goldaw bildirdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu munuň ýewreýlere we olaryň döwletine garşy soňsuz öjükdirmeleriň netijesidigini aýdyp, adamlaryň öldürilmegini berk ýazgardy.

Bu waka belgiýalylaryň 25-nji maýda Ýewropa parlamentiniň saýlawlarynda ses bermekleriniň öň ýanynda boldy.
XS
SM
MD
LG