Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukrainalylar prezident saýlaýar


Ukrainada, orsýetçi separatistleriň iki regionyň köp bölegine kontrolluk etmegi bilen, prezident saýlawlary geçirilýär.

Irki habarlarda günbatar Ukrainada ses berişlige gatnaşygyň ýokary bolandygy habar berildi, emma gündogardaky Donetsk we Luhansk regionlarynda köp saýlaw uçastogy ýapyklygyna galdy.

Iş başyndaky premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk saýlawlaryň gündogardaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmakda ilkinji ädim boljagyny aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin täze saýlanan ukrain adminstrasiýasy bilen işleşmegi wada berdi.

Kiýew Moskwany separatistleri goldamakda aýyplaýar. Ukrainanyň indiki lideri bolmak ugrunda on sekiz kandidat bäsleşýär.

Pikir soraşlyklar konditerçi milliarder Petro Poroşenkonyň öňde barýandygyny görkezýär, emma ol birinji tapgyrda ýeňmek üçin absolýut köplügiň sesini almakdan asgyn görünýär.

Onuň ýakyn basdaşy ozalky bölüji premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko, ýöne ol has yzda.
XS
SM
MD
LG